HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ — MILLI BUÝSANJYMYZ
11-12-24

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we halkara derejesinde durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlarynyň ösüşine ýardam bermäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň oňyn çözgüdine ygrarly bolmaga giň mümkinçilikleri döredýär, durnukly ösüşiň maksatlaryny ileri tutýar.
Berkarar döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, öz syýasatynyň esasy hökmünde gözbaşyny halkymyzyň milli özboluşlylygynyň çuňňur çeşmelerinden alyp gaýdýan, örän oýlanyşykly, geljekki üstünliklerimiziň girewi bolmaly hemişelik Bitaraplyk ýörelgesini saýlap aldy. 1995-nji ýylda hem-de 2015-nji ýylda ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýynyň iki gezek ykrar edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň halkara goldawyna eýe bolandygynyň alamatyna öwrüldi.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek ýaly binýatlyk ölçeglerine turuwbaşdan ygrarly bolup gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda agzybir il bolup ýaşamak iňňän uly bagt. Agzybirligiň, abadançylygyň bar ýerinde bagt bar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek üçin öňe süren beýik maksatlary bu gün özüniň miwelerini berýär. Oňa ýurdumyzda bina edilýän mekdeplerdir kärhanalar, medeniýet we sport ojaklary, ýollar hem-de köprüler, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we beýleki zerur şertleri döretmek üçin amala aşyrylýan işler şaýatlyk edýär.
Elbetde, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň bu ýörelgeleri diňe bir içerki ösüşiň geljegini kesgitlemän, ýurdumyzyň daşary syýasatyny we diplomatiýasyny hem öz içine alýar. Bu bolsa ýurdumyzyň gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna girmegi, dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, bilim, ylym we beýleki ugurlarda giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we ösdürilmegi, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň ähli künjeklerinde parahatçylygyň müdimilik berkarar bolmagyna ýardam etsin! Ýer ýüzünde parahatçylygyň, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryň hemişe höküm sürmegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jemşit ANNAGULYÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.