RAÝAT AWIASIÝA PUDAGY BARHA KUWWATLANÝAR
12-12-23

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimizde häzirki zaman ulag we kommunikasiýalar ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan, häzirki wagtda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi çalt kemala getirmek bilen baglylykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berdi.
Türkmenistan transmilli ulag ulgamyny ösdürmek boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisini çagyrýar, ol sebitiň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, harytlaryň täze bazarlara çykarylmagyna we ulag harajatlarynyň kemeldilmegine ýardam eder, munuň özi diňe bir ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşine täze badalga berer.
Ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak babatda edilýän hyzmatlaryň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmak, ýokary amatlyklary bolan howa gämilerini satyn almak, täze döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek hemişe üns merkezinde saklanýar. Dünýäniň köp döwletleri bilen halkara gatnaşyklary, hyzmatdaşlyklary alyp barýan, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň abraý-mertebesi gün-günden belende galýar.
«Türkmenistanyň Raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» esasynda hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işi has-da kämilleşdirilýär, raýat awiasiýasyny ösdürmek üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri gurulýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, şeýle hem ýurdumyzyň howa gämileriniň parky giňeldilip, dürli görnüşli ýokary amatlyklary bolan täze, döwrebap ýolagçy we ýük howa gämileri yzygiderli satyn alynýar. Uçuşlaryň howpsuzlygyny we Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmasyny üpjün etmek üçin Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça täze howa ýollary girizilýär, bu bolsa howa gatnawlaryň depginliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Islendik pudagy okgunly ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, onuň hünärmen üpjünçiligini gazanmak gerek. Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan howa ulaglary ulgamynda hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet binýadyny we tehniki ulgamyny kämilleşdirmek, bu işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda okuwlar yzygiderli geçirilýär.
Ýaňy ýakynda, 4-nji dekabrda Aşgabadyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir.
«Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary bir wagatda 368 ýolagçyny uzak aralyga äkitmäge niýetlenendir. Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar ulanylýar. Täze uçarda eneler üçin orunlaryň we bäbekler üçin sallançaklaryň ýerleşdirilendigini bellemek gerek.
Milli awiaflotyň üstüni ýetiren täze uçar gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär, uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyza iki sany «Airbus A330-200 P2F» (Fransiýa Respublikasy) kysymly ýük uçarlary gelip gowuşdy. Olar dürli ugurlar boýunça netijeli ýük daşamalary amala aşyrýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň has eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Bu häzirki zaman howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkyň halkara howa gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurduň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge şertleri döreder.
Ýakup ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Ýolbaşçy mugallym Rüstem ANNAMEREDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň öwrenji mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.