Nowruz baýramynyň döreýiş taryhynyň kökleri

10-03-25

Dünýä halklarynyň birnäçesinde dürli ynançlar we atlar bilen bellenilip geçilýän, dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramynyň gelip çykyşyna alymlaryň tassyklamalaryna görä, 5 müň ýyldan köpräk wagt geçipdir.

Nowruz baýramy barada dünýä halklarynda dürli-dürli pikirler öňe sürülýär. Käbir halklar ony Taňrynyň dünýäni ýaradan güni, käbirleri Nuh pygamberiň Ýere ilkinji aýak basan güni, käbirleri  bolsa Adam atanyň ýaradylan güni hökmünde baýram etse, halklaryň käbirleri ony gije bilen gündiziň deňleşýän güni we baharyň buşlukçysy hökmünde belläp geçýär.

Pars dilinde “täze gün” diýen manyny berýän Nowruz dünýädäki türki halklarda “Nowruz”, “Nawryz”, “Ergenekon”, “Bozkurt”, “Çagan”, “Mart dokuzy”, “Milletiň uly güni”, “Ilkinji ýaz ýortusy”, “Engi güni”, “Köpli marta”, “Sultan Nowruz”, “Mart bozumu” ýaly atlar bilen ýatlanylýar. Nowruz baýramy gadymy hunlardan başlap, ýakutlar, uýgurlar, kazan türkleri, tunguzlar, nogaý türkleri, tatarlar, gyrgyzlar, gazaklar, özbekler, täjikler, azeriler, türkmenler, çuwaşlar, gagauzlar tarapyndan bellenip gelipdir.

Merkezi Aziýadan tä Balkan ýarymadasyna  çenli uzalyp gidýän geografiki giňişlikde her ýyl bellenilýän Nowruz baýramy Azerbaýjanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda, Owganystanda we Täjigistanda Milli baýram hökmünde bellenilip geçilýär.

Türki halklaryň arasynda giňden ýaýran ynanja görä, Nowruz göktürkleriň Ergenekondan çykan we garaşsyzlyklaryny gazanan günleri hökmünde kabul edilipdir. Abulgazy Bahadyr hanyň “Şejerei türk” (“Türkleriň şejeresi”) atly eseriniň “Ergenekon” diýen bölüminde 400 ýyllap dört tarapy beýik daglar bilen gurşalan bir jülgede ýaşan türk taýpalarynyň, baharyň ilkinji günleri bu ýerden çykyp, ata-watanlaryna gaýdyp gelişleri, azatlygyny, erkinligini gazanyşlary barada gürrüň berilýär. Hut şonuň üçin 21-nji mart türki halklaryň köpüsinde azatlygyň, erkinligiň gazanylan güni hökmünde baýram edilip gelinýär.

Gadymy  türkmenleriň  ynançlaryna  we  dessurlaryna  görä  Nowruz  gününde  doglan  çaga  iň  bagtly  ynsanlaryň  biri  hasaplanyp, bu  çaga  oglan  bolsa, Nowruzgeldi, Ýazgeldi, Ýazmyrat, Ýazly, Ýagmyr, gyz bolsa, Nowruzgül, Nowgül, Bahar,  Bahargül, Ýazgül, Ýazjemal  ýaly  atlar  dakylypdyr.Bu  günde  öükeleşen  dawa-jenjel  edenler  ýaraşypdyrlar.

Hormatly Prezidentimiz Nowruz – Milli bahar baýramy barada şeýle diýýär: “Umumadamzat medeniýetiniň, aň-düşünjesiniň  kämilleşmeginde  we  baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren  ata-babalarymyz  Nowruza  aýratyn  ähmiýet  beripdir. Türkmeniň  çuň  garaýyşlaryndan  gözbaş  alýan “Nowruzdan soň gyş  bolmaz, mizandan  soň - ýaz”, “Ýylyň  gelşi Nowruzdan belli”, “Nowruz gelse buz  durmaz”  ýaly  müň  öwüşgünli  jümleler  ata-babalarymyzyň  her  günüň  her  paslyň  özüne  kybapdaş  alamatlaryny  kesgitleýändiklerini  subut  edýär”.

Omar Haýýam  hem  özüniň  bu  ajaýyp  eserinde  islendik  mesele  barada  beýan  edende  getirýän  tymsallaryny, hekaýatlaryny diňe  bir  halkyň  döreden  hekaýatlaryna  salgylanyp  getirmän, ol hekaýatlarda, kyssalarda  türk (Oguzlaryň), araplaryň, parslaryň  arasynda  meşhur  bolandygyny  nygtaýar. ”Nowruznamanyň” bu  nusgasy  Gündogaryň  meşhur  hekimi  we  alym-şahyry  Haýýam  Nişaburiniň galamyndan  dörän  ajaýyp  eser  bolup,häzirki  güne  çenli  ol  eseriň  ýazylan asyl  nusgasy, pars  dilinde  birnäçe  gezek  kitap  görnüşinde  neşir  edildi. Eýranly  alymlar  hem-de ylmy  işler  alyp  barýanlar  tarapyndan  ol  eser  bilen bagly  ylmy  eserler  döredildi.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan türkmen halkynyň her güni hemişe toý-baýramlara beslensin! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Ogulşat BAÝRAMOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.