MAGTYMGULY - BEÝIK AKYLDAR ŞAHYR

14-12-23

Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji Berteles ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan genial şahyrdyr.

Magtymguly döredijilik işine ýaşlyk ýyllaryndan başlaýar. Magtymguly dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussat. Onuň ussatlygy, ilkinji nobatda, milliligindedir, halkylygyndadyr.

Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Bu temada Magtymguly "Türkmeniň", "Ýeli Gürgeniň", "Depe nedir, düz nedir", "Öňi-ardy bilinmez", "Döker bolduk ýaşymyz", "Gidiji bolma", "Gözlär men", "Başy gerekdir", "Mert bolmaz" ýaly birnäçe goşgular döredipdir.

Magtymguly hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr. Şahyr "Gidiji bolma" şygrynda:

Gel köňlüm, men saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip gidiji bolma

diýip, öz döwürdeşlerine ýüzlenýär. Magtymgulynyň watançylyk, gahrymançylyk temada ýazan eserleri taryhy taýdan anyklygy, takyk manysy, çeper obrazlara baýlygy bilen-de tapawutlanýar.

 Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-esen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, goç ýigitleri taryplaýar. Şahyryň "Ýeli Gürgeniň", "Türkmeniň" şygyrlarynyň şu setirleri-de oňa güwä geçýär:

Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň,

ýa-da

Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri,
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.

Beýik şahyryň döwründe türkmen taýpalary dagynyk ýaşapdyrlar. Halk hemişe talanypdyr, ajaýyp zatlar weýran edilipdir. Magtymguly hemişe şeýle pajygaly durmuşdan gutulmagyň aladasyny edipdir. Ol keseki duşmanlardan goranmak üçin ýigitleri mertlige, gahrymanlyga çagyrypdyr:

Ýaşy ýeten arap atyň şanynda,
Mälim bolmaz depe nedir, düz nedir.
Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda,
Atmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir.

Şahyr il-ýurt üçin hyzmat eden goç ýigitleri dabaralandyrýar, tersine namartlary, il-ýurduna hyýanat edýänleri näletleýär.  Magtymguly Pyragy özüniň jöwher paýhasyny siňdiren şygyrlarynda ynsanperwerlige uly üns beripdir. Akyldar beden sagdynlygyny, güýçlüligi mert ýigidiň zerur sypatlarynyň biri hasaplap, öz döwrüniň mert, batyr ýigitlerini wasp edipdir. Magtymguly Pyragy durmuşyň agyr pursatlarynda ejizlemän, oňa mertlik bilen döz gelmelidigini, göreşmelidigini ündeýär.Şu jähtden şahyryň şu setirlerini ýatlamak bolar:

Aga begler muhannesiň on müňi -
Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.
"Är men" diýen her nöweçden är bolmaz,
Gaýraty, namysy, ary gerekdir.

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar.

Watana bolan söýgi mährem enäniň ak süýdünden, dogan-garyndaşlardan, ene toprakdan, agzybirlikden, asudalykdan, ynsanperwerlikden, myhmansöýerlikden, ulyny-kiçini sylamakdan, «Bir suprada taýýarlanan aşdan», eziz çagalarymyzyň şadyýan gülkülerinden, gojalarymyzyň pähim-paýhasyndan, il-ýurt abadançylygyndan başlanýar.  Bizi şeýle bagtyýarlyga ýetiren hormatly Prezidentimize tüýs ýüregmizden hoşallygymyzyň çägi egsilmezdir.

 

  Ahmet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Halypa mugalymy Bayram ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.