Ösen tejribelerden ugur alyp
16-12-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşlerde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän bilim özgertmeleri mynasyp orun eýeleýär.
Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, täze üstünliklere höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda dürli dersler boýunça döwlet we halkara derejede olimpiadalary geçirmek, olara talyplaryň taýýarlykly gatnaşmagyny gazanmak hem ýokary okuw mekdepleriniň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ders bäsleşiklerini guramak ajaýyp däbe öwrüldi. Türkmen talyplarynyň we okuwçylarynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet hem halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri-de ýurdumyzda ýaşlaryň saýlan ugurlary boýunça bilim almaga, dünýä derejesinde öz başarnyklaryny görkezmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere talyplaryň gatnaşmagyny we olarda üstünlikli çykyş etmegini gazanmak bilen bir hatarda, şeýle möhüm çäreleriň guramaçylary bolup hem çykyş edýär. Şu ýyl Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň guramagynda fizika, Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy ekologiýa dersleri boýunça döwlet derejesinde ders bäsleşikleri geçirildi. Bäsleşikleriň her birine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 100-den gowrak talyp gatnaşyp, başarnyklaryny görkezdiler. Şunda halkara derejede hem ders bäsleşikleriniň geçirilýändigini bellemek gerek.
Ylmyň we tehnologiýanyň gülläp ösýän XXI asyrynda ýokary okuw mekdepleriniň wezipesi diňe talyplara bilim bermek we ylymda mälim bolan maglumatlary nesilden-nesle geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň möhüm meseleleri boýunça geljekde ylmy gözlegleri alyp barmaga ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan, olary ylmy işlere ugrukdyrmakdan hem ybaratdyr. Bu maksada ýetmekde ylmy-amaly maslahatlary, forumlary, ylmy we taslama işleriniň bäsleşiklerini geçirmegiň ähmiýeti uludyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin inžener-tehnikleri, tehnologlary taýýarlaýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamynyň ösüşine saldamly goşantlaryny goşmak üçin mundan beýläk-de hyjuwly zähmet çekerler.
Gurbangeldi DOLAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.