Zehinli ýaşlara buýsanç
16-12-23

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara uly ynam bildirilip, her bir işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga, bilimlerini we zehinlerini aýdyň beýan etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly-uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyz guwandyryjy ösüşlere beslendi. Şeýle beýik ösüşleri, belent üstünlikleri bilim ulgamynda hem aýdyň görmek bolýar. Milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeleriň netijesinde ýaşlarymyz döwlet hem halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Munuň özi milli bilim ulgamymyzyň döwrebap ösdürilýändigini, halkara derejede oňat netije berýändigini aýdyň beýan edýär. Bularyň hemmesi ýüreklerde buýsanç döredýär, bagtyýar ýaşlarymyza beýik ynamymyzy berkidýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara bilim öwretmek, ylym-bilimi ösdürmek möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýaşlara bilim-terbiýe bermekde döwrebap innowasiýalary we sanly tehnologiýalary ulanmak esasy ugurlaryň biridir. Şeýle hem türkmen ýaşlaryny millilik ruhunda terbiýelemekde milli ýörelgelerimiziň, milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň giňden peýdalanylmagynyň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek. Munuň özi milletimiziň nesil dowamatynyň arassa akabasyny, milliligimizi gorap saklamaga gönükdirilendir. Şol bir wagtda ýurdumyzda döwrebap ösen tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygy-da aýdyň hakykatdyr. Muny “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilýändigi-de aýdyň görkezýär.
Eziz Diýarymyzda ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň innowasiýalar arkaly bilim ulgamyny, ýaşlara bilim-ylym öwretmek işlerini has-da kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijeleri berýär. Sözüň doly manysynda ýurdumyzyň bilim binýadynyň belentlikleri ata Watanymyzy ösüşlere besleýär. Döwrebap özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda eýelenýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da ösüşli we röwşen boljakdygyny aýdyň beýan edýär.
Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil, Watana we il-halkymyza wepaly, milli medeni we ruhy-ahlak ýörelgelerimize ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanmakda her birimiz aladalanmalydyrys. Munuň özi jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, röwşen geljegimizi kemala getirýär. Şonuň üçin hem häzirki zaman ylym-bilimlerinden we tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn, ruhubelent we kämil ýaşlaryň kemala gelmeginde ähli mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşi üpjün edilýär. Munuň özi eziz Watanymyza we hormatly Prezidentimize buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän özgertmeleri halkymyzyň bolelin we asuda-parahat durmuşyny üpjün etmäge, ylaýta-da ýaş nesillerimiz üçin bagtyýar geljegiň berk binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Goý, ýaş neslimiz üçin bagtyýar, nurana durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Resul ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we Awtomobil hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.