Ýaşlar — aýdyň geljegimizi gurujylar

18-12-23

Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýagty ertirlere bolan ynamymyz. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlary ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Olara döwrebap derejede bilim almaklary, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş raýatlarymyzyň doly derejeli hukuk we durmuş goraglylygy üpjün edilip, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, degişli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. Häzirki ýaş nesil geçmişe sarpa bilen garap, mizemez geljegimizi gurýar. Çünki geçmişe, taryha, taryhy şahsyýetlere hormat goýulýan ýerde aýdyň geljek bar. Şu jähetden, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaş nesliň akyl, ahlak, watansöýüjilik hem-de beden taýdan sazlaşykly ösmegi babatda döwletimiz tarapyndan uly aladalar edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Şoňa görä-de, Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen duşuşyklary, umumy okuw sapaklaryny geçirmek, olary ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalara, döwlet maslahatlaryna gatnaşdyrmak asylly ýörelgeleriň birine öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçmegi ýaşlaryň we döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Hormatly Arkadagymyz umumy sapakdaky çykyşynda ýaş nesillere öwüt-ündewleri, pentleri bermek bilen şeýle belledi: «Biz beýik oguzlaryň nesilleridiris. Biz dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleridiris. Biz öz şanly geçmişimize, baý taryhymyza, beýik döwrümize guwanmaga we buýsanmaga doly haklydyrys». Bu jümle bütin halkymyzy, şol sanda biziň her birimizi örän buýsandyrdy. Çünki döwlet gurmagyň, ony dolandyrmagyň, jemgyýetde adalatlylygy üpjün etmegiň kämil nusgasyny miras galdyran Oguz hanyň ýol-ýörelgesi parahatçylyk, adalatlylyk, agzybirlik bolup, ol ýol häzirki türkmen jemgyýetiniň, şeýle-de nesillere watansöýüjilik, ahlak terbiýesini bermegiň süňňüni düzýär.

Ýurdumyzyň beýik geljegi üçin okaýan, zähmet çekýän ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny dünýädäki ösen tejribelerden ugur alyp kämilleşdirmäge gönükdirilen tutumly işler barha öňe ilerleýär.

Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeleri köňülleriniň owazyna, dilleriniň senasyna öwren ýaşlarymyzyň dürli halkara ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri bolsa, şol işleriň ajaýyp miwesi bolup durýar.

Ýurdumyzyň geljekde hem gülläp ösmegini bilimli nesilde görýän hormatly Prezidentimiziň  sanly ulgamy ösdürmeklige aýratyn uly ähmiýet bermegi netijesinde bu ugurda ýetilýän belent sepgitlerem buýsandyryjydyr. Bu özgertmeleriň ählisi ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynyň binýadyny pugtalandyrjak kämil hünärli ýaş nesilleri taýýarlamaga gönükdirilip, şol ýaşlaryň geljekde Watanymyzy ösüşiň has uly belentliklerine çykarjakdyklaryny buýsanç hem ynam bilen aýdyp bileris.

Diýarymyzda ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açmaklary, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapyp, il-günümize gerekli, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan bagtyýar talyp ýaşlar diňe bir hünär bilimlerini ösen tehnologiýalaryň esasynda ele almak bilen çäklenmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerini uly buýsanç, döredijilik ylhamy bilen wasp edýärler.

Şeýlelikde, şöhratly pederlerimiziň miras galdyran ýol-ýörelgelerinden ugur, Watanymyzyň gazanan üstünliklerinden ylham alýan bagtyýar ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekýärler, milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim, jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Munuň özi ýaşlar barada döwlet syýasatynyň barha dabaralanýandygynyň, häzirki nesillerimiziň barha kämillige ymtylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Berdinazar KAKAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň  Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy Rustem ANNAMEREDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.