Ýurdumyzyň Ulag diplomatiýasynyň esasy wezipeleri
18-12-23
Ata Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, belent sepgitlere eýe bolýar. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da ulag ulgamynda hem gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki zaman köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek bolsa bu syýasatyň ileri tu tulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistan döwletimiz geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmek bilen, taryhda türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman röwüşde gaýtadan dikeltmek, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmek babatda ynamly ädimleri ädýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleriň durmuşa geçirilmegi örän möhüm ähmiýete eýedigi bilen häsiýetlenýär. Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginde möhüm orny eýelemek bilen, iri halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde syýasy durnuklylygy goldamaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýär.
Soňky ýyllarda ýurduň üstaşyry ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, zamanabap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar. Türkmenistanyň Ýewraziýanyň uly ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmekde milli ulag mümkinçiliklerini ne ti jeli peýdalanmaga giň ýol açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyz häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär.
Türkmenistanyň deňiz flotunyň hem-de ähli degişli düzümleriniň ösdürilmegi strategiki ähmiýete eýedir. Döwrebap deňiz porty iri möçberli ýük akymlarynyň ýolda bolmagynyň wagtyny hem-de aralygyny ep-esli gysgaltmaga mümkinçilik berip, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen, Gara deňziň ýakasyna,Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin has oňaýly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmegiň möhüm halkasy bolmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň iri taslamalarynyň biri bolan «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hem hormatly Prezidentimiziň gurmak syýasatynyň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny we Diýarymyzyň ösüş-özgerişliklerini nazarlaýan toplumlaýyn giň möçberli maksatnamalaýyn häsiýete we çuň many-mazmuna eýedigi baradaky hakykaty bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär.
Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna esaslanýan ulag we aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ulag hyzmatdaşlygyny, sebitiň we dünýäniň halklarynyň abadançylygyny we uzak möhletleýin ösüşini üpjün etmäge, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga möhüm goşantdyr.
Bahbit ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň Elektrik üpjünçiligi hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.