ÝAŞLARA YNAM BEREN ÝYL

18-12-23

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna gatnaşmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekmegi bu babatda möhüm ädim boldy.

Watansöýüji ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda alynyp barylýan ýaşlar syýasaty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Berkarar döwletimizde şöhratly geçmişimiz döwrebap dowam etdirilip, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly, gollary hünärli bolup ýetişmegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar bu gün döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň gözli şaýady bolup, olara işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Bu ugurda olar öz ukyp-başarnyklarynyň bardygyny görkezmegi başarýarlar.

Parasatly syýasatyň netijesinde türkmen ýaşlary ilhalar ynsanlar bolup ýetişýärler. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Bu babatda döwlet Baştutanymyz ýaşlara watansöýüjiligiň, päk ahlaklylygyň, merdanalygyň we halallygyň, ýokary adamkärçiligiň, sagdyn durmuş ýörelgesini ýöretmegiň belent nusgasyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesi ýaşlara diňe bir beden taýdan taplanmagy däl, eýsem, öz erk-islegini pugtalandyrmaga, islendik çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmäge, okuwda, işde täze üstünlikleri gazanmaga, erjel we tutanýerli bolmaga, saýlap alan hünärinde kämilleşmäge uly höwes döredýär.

Özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, bu gün ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususy ulgamda yhlasly zähmet çekýärler, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň islendik döwletiň ykdysady ösüşinde hem aýratyn orun tutýandygyny görkezýär.

Innowasion tehnologiýalaryň batly depginler bilen ösýän zamanasynda ýurdumyzyň durmuşynda ýaşlaryň eýeleýän orny barha pugtalanýar. Ýaşlara uly ynam bildirilip, olar durmuş taýdan ygtybarly goralýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi munuň subutnamasydyr. Bu Kanun ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, onuň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz ähli babatda uly üstünlikler gazanýarlar. Munuň özi Diýarymyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin döredilýän mümkinçilikleriň, şertleriň aýdyň netijesidir. Biz — bagtyýar ýaşlar bilimlerimizi kämilleşdirip, bildirilýän belent ynamy ödemek ugrunda gujur-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys!

Gurbangeldi DOLAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.