MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY – GÖRELDE MEKDEBIDIR

24-12-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň meselesi, mertebesi, onuň ahlak häsiýetleri özüniň möhümligi bilen häsiýetlenýär. Çünki ýaş nesliň mertebesi, onuň jemgyýetde tutýan orny onda bilim, ahlak, ruhy-edep gymmatlyklarynyň jemlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Ynsan ahlagy, edep-terbiýesi bilen baglanyşykly meseleler biziň edebiýatymyzyň taryhynda, edebi mirasymyzda hem aýratyn orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň asylly däpleri, ruhy-ahlak gymmatlyklary, adamkärçilik häsiýetleri bolsa ýaş nesil üçin terbiýeçilik mekdebi bolup durýar. Bu mekdep nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýär, kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Milli mirasymyz ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem halklary birek-birek  bilen dostlaşdyrmagyny dowam edýär, kalba-ynam, köňle-ylham paýlaýar. Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimize, şöhratly geçmişimize, tanymal şahsyýetlerimize häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň gözbaşy hökmünde ýokary derejedäki täze halkara gatnaşyklaryny ýola gaýmaga ýardam berilýär. Şonuň üçin hem, döwlet syýasatynda, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslygyň ajaýyp sazlaşygy bolan mirasymyza, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişe-de özümize nusga edinýäris” ýaly ajaýyp pähimleri kämil, döwrebap aňly-düşünjeli nesilleri kemala getirmekde dymmatly hazynadyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ýyllarynyň biri bolup, şu ýylymyzyň “Arkadag Serdarly – bagtyýar ýaşlar” diýlip atlandyrylmagynyň özi, biziň röwşen geljegimiziň kepili  bolýan ýaş nesle bildirilýän ynamyň ulydygyny aňladýar. Şol sebäpli hem ýurdumyzy özgertmekde we gülletmekde ýaşlara uly ornuň goýulýandygyny nazara alyp, olaryň ene topragymyzy, ata Watanymyzy jandan söýüp, gözüniň göreji ýaly gorap saklamaga taýýar bolmagy, döwrebap bilim-terbiýe alyp, berk bedenli, ruhy taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli, ahlak taýdan arassa, halkymyzyň däp-dessurlaryna laýyklykda, olarda ýokary ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemek möhüm meseleleriň biridir.

Ata-eneler öz perzendiniň edep-terbiýeli, kämil ahlak gymmatlyklaryna eýe, ile-güne peýdaly adam bolup ýetişmegi üçin hemişe aladalanýarlar. Her bir maşgalada tertip düzgün kadaly ýola goýlan ýagdaýynda, çaga ondan görelde alýar. Zähmet çekmek, halal ýaşamak, ile güne hemaýat etmek, wagty peýdaly işlere sarp etmek ýaly häsiýetler durmuşda gündelik görýän zatlarynyň üsti bilen geçýär. Ata-ene maşgalada halal ýörelgäni ýola goýan bolsa, perzent hem şol ýola eýerip, kämil adam bolup ýetişmegi maksat edinýär. Pähimdar ata-babalarymyz edep-terbiýe, däp-dessurlar, ahlak, edim-gylymlar babatda bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak miras galdyrypdyrlar. Klassiki edebiýatyň hem gadymy miras bolmak bilen, şeýle gymmatlyklaryň dünýäsinde Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar Magtymguly Pyragy edebi mirasy nusga alarlyk häsiýetine eýe bolan şahyrdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde klassiki edebiýatyň täsirini beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salmak bilen synlalyň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hem-de onuň belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän çuň manyly şygyrlaryny halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň ýol açdy. Diýmek, akyldar Şahyryň belent joşguny, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ynsanlaryň ahlak terbiýesine, ylymly-bilimli bolmagyna bagyşlanýar. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi her bir ene-ata, mugallymdyr terbiýeçi üçin gymmatly hazyna bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligini içgin öwrenmek, durmuşda peýdalanmak, seýle-de ol şygyrlaryň kömegi bilen ýaş nesli iň gowy gylyk-häsiýetlerde terbiýeläp ýetişdirmek her birimiziň borjumyzdyr.

Goý, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Kümüş BAÝRAMDURDYÝEWA,
Baýramaly etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.