Söz ussady Magtymguly Pyragy
19-12-23

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda häsiýetlendirilýän mert ýigide gylyçdan beter ahlak, ynsan ölçegleri mahsusdyr. Bu ýerde mertlik diýen düşünje täze many-mazmuna eýedir: “Mert göwnünde daýym namys-ar artar...” Mertlik – durmuşdaky adam gatnaşyklarynyň hadysasy. Akyldaryň mertlik düşünjesinde harby many ikinji orunda bolup, birinji orunda ruhy-ahlak gymmatlyklary durýar. Magtymguly Pyragy mert ýigit diýip, il-ýurduny, Watanyny söýýän, türkmene mahsus bolan häsiýetleri özünde jemleýän ýigitleri göz öňünde tutýar. Pyragynyň döredijiliginde ruhy-ahlak gymmatlyklary öwüt-nesihatlaryň üsti bilen beýan edilýär:
Adam ogly bu dünýäden ötinçäň,
At biken abraýy alan ýagşydyr,
ýa-da:
Ýagşylykda ile özün tanadan,
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.
Magtymguly Pyragy her bir perzendiň öz ene-atasynyň öňündäki borjuny ussatlyk bilen düşündirýär:
Hudaý berse sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni.
Şahyr mylakatly bolmak, ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, arzylamak, olaryň sarpasyny belent saklamak barada hem öwüt-nesihat edýär:
Edebiň ýagşysy ulyny syla,
Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz.
Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihatlary kesgitli we uly mana eýe bolup, onuň goşgularynda millilik, ynsana mahsus häsiýetler, durmuş kadalary, giň dünýägaraýyş hem-de ahlak terbiýesine laýyk dürdäneler beýan edilýär. Şahyryň öwüt-nesihat we ahlak häsiýetli şygyrlarynda halkyň durmuşynda duş gelýän däp-dessurlaryň köpçülige peýdaly oňat taraplary hem nesihat edilýär.
Şahyr dostlugyň, myhmansöýerligiň, dogruçyllygyň, agzybirligiň we ş.m. gowy häsiýetleriň şahsyýetde terbiýelenmegini isläpdir, myhmansöýerlik häsiýetiniň tarapyny tutupdyr:
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.
Bu setirlerde mert ýigitleriň myhmansöýerligi, sahylygy suratlandyrylýar. Şahyr:
Gelen aş diýip gelmez, turşatmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr,
ýa-da:
Özi Hatam bolup, ýene baý bolsa,
Çar tarapdan myhman gelişin görüň
– diýen setirlerinde türkmeniň myhmançylyk däbini has-da aýdyň beýan edýär, myhmany güler ýüz, şirin söz bilen garşylamagyň juda möhümdigini belleýär.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy döredijiliginiň dowamynda ynsanyň ýagşy işe gulluk edip, çyn sözli bolmak bilen, öwüt-ündewe gulak asmagyny wagyz eden ussatdyr. Muny şahyryň:
Sözümi diňlese bir bilen, belke,
Myradym nesihat etmekdir halka
– diýen setirleri hem doly subut edýär.
Şahyr üçin Watan, toprak hemme zatdan zyýada. Ynsan ogly göbek gany daman topragyny jany-teni bilen söýmeli. Bu babatda onuň özi il-ulusyna görelde. Şonuň üçin-de, şahyr köňül köýünden çykýan duýgusyny şirin zybanyna getirip: “Istemez men ol behişti, behişt mekanym bar meniň” diýýär.
Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip, gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!
– diýýän şahyr üçin, öz küýsegli mekanyndan mährem toprak ýok. Eger şahyr saý-sebäp bilen öz dogduk mekanyndan uzaga gidäýse hem, debsi-dähet oňa ýetmäniň arzuwy bilen ýaşaýar:
Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma,
Ýüzüm düşsün arslanyma, gurduma,
Magtymguly aýdar, meniň derdime,
Dünýäniň tebibi – Lukman şypa ber!
Akyldar şahyr eziz topragynyň gaýym binasyny, onuň tebigy gözelligini şygryýetiniň gudratly güýji bilen beýan edipdir. Meselem, ol “Türkmen binasy” atly şygrynda:
Gurdugym aslynda bigil, bu zeminiň myhydyr.
Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy
– diýip, onuň sarsmaz mizemezligini beýan etse, “Türkmeniň” şygrynda:
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň
– diýip, topragynyň gözellik bilen gurşalandygyny beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjiligi, ýurt abadançylygyny goramakdaky tagallalary bilen dünýäde tanalýan türkmen halkynyň ruhy bitewüligi, geljege umydy Magtymguly şahyryň filosofiýasy bilen berk sazlaşygy emele getirýär. Bu barada hormatly Arkadagymyzyň: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary hasyl bolup, agzybir halkymyz bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýar. Bu gün Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne goşgulary watançylygyň, ynsanperwerligiň we döwletliligiň waspyna öwrülip, dünýä dillerinde belent ýaňlanýar” diýen ajaýyp sözleri ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin ajaýyp terbiýeçilik mekdebidir. Pyraga goýulýan uly hormatyň şaýatnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligini içgin öwrenmek, durmuşda peýdalanmak, seýle-de ol şygyrlaryň kömegi bilen ýaş nesli iň gowy gylyk-häsiýetlerde terbiýeläp ýetişdirmek her birimiziň borjumyzdyr.
Yusup ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniňAwtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.