Ulag we kommunikasiýa pudagy: hünärmenleriň taýýarlygynda netijeli işler
20-12-23

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän we bilim alýan ýaş hünärmenlerdir talyplaryň durmuşynda hem taryhy wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan ulag we kommunikasiýa pudagynyň ösdürilmeginde bu ugurda iş alyp barýan ýaş alymlaryň ukyp-başarnyklarynyň, täze gözlegleriniň, ylmy açyşlarynyň giňden ulanylýandygyny belläp, şu ýylyň esasy wakalarynyň birinde — ýaşlar forumynda ýaş alymlaryň ylmy işlerine, olaryň gazanan üstünliklerine ähmiýet berilmelidigini nygtady. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine uly taýýarlyk görülýär.
Şu ýylyň 1-nji sentýabry — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynyň ajaýyp täsirleri bilen taryha ýazyldy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribelerimiz barada söhbet etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdebimizde «Gahryman Arkadagymyzyň talyplar bilen geçiren umumy sapagynyň umumy we hünär derslerini özleşdirmekdäki ähmiýeti» atly okuw sapaklary guramaçylykly geçirildi.
Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen bilim ojagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha rowaçlanýar. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, täze döwrebap iş orunlaryny döretmegi, ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini ençeme ýyllar öňünden meýilnamalaşdyrýar, hünär bilim ulgamy kämilleşdirilýär, zähmet bazarynda ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça işjeň çäreler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilimiň, täze tehnologiýalaryň ösen derejesi göz öňünde tutulyp, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler boýunça hünär ugurlary açylýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň çäklerinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň dürli ugurlaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünär ugurlary döredilýär. Şu okuw ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Indi talyplar demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda bilim alýarlar.
Bakalawr maksatnamasynyň artykmaçlyklary barada aýdylanda, ilkinji nobatda, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň aglabasynda bu ugur boýunça hünärmenleriň taýýarlanyp gelinýändigini bellemeli. Bu bolsa milli bilim ulgamymyzy halkara ülňülere laýyklykda guramaga mümkinçilik berýär. Bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlanýan talyplara geçilýän dersleri iki dilde, ýagny türkmen hem-de iňlis dillerinde okatmak mümkinçiligi bar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmek barada öňümizde goýan wezipeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hem-de geljekki hünärmenleriň halkara gatnaşyklarda ýurdumyza mynasyp derejede wekilçilik edip bilmegine oňyn şert döreder.
Bulardan başga-da, bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlanýan talyplar ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi, ýagny magistr maksatnamasy boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirip bilerler. Bu artykmaçlyk hünärmeniň bütin ömrüniň dowamynda bilim almagyna we hünär derejesini kämilleşdirmegine mümkinçilik döredýär. Netijede, iki derejeli gurluş düzümi boýunça talyplaryň taýýarlanylmagy milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pajarlap ösmegine, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň doly üpjün edilmegine oňyn täsir eder.
Ýokary bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işleriň hemişe üns merkezinde saklanylmagy ýöne ýerden däl. Sebäbi öz işine ökde, häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagy başarýan, watansöýüji ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli berjaý edilmeginiň wajyp şertleriniň biridir.
Beýan edilen wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem häzirki döwürde ýaşlara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şu we beýleki üstünlikler döwlet ýaşlar syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň, ýurdumyzda talyp ýaşlaryň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, ruhubelent hem-de watansöýüji hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Begenç HOJABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.