Ýurdumyzyň daýanjy — bilimli ýaşlar

21-12-23

Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlara işlemäge, okamaga, döretmäge aýratyn itergi boldy. Ýaşlara buýsançly nazar bilen bakylmagynyň hem aňrysynda uly many bar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirmeginde, adalatly, parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar.

Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagy, öwrenmegi üçin hemme şertleri döredýär. Ýurdumyzda ylym-bilim babatda alnyp barylýan syýasatyň çäginde 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň» konsepsiýasy kabul edildi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Dil halkyň milli durkunyň, ruhy ýaşaýşynyň, arzuw-telwaslarynyň, örtenmeleriniň, duýgularynyň beýanydyr» diýip belleýär. Bu gymmatly setirler diliň jemgyýetçilik ähmiýetine çuň düşünmäge, ony ylmy tarapdan esaslandyryp öwrenmäge mümkinçilik berýär. Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdebimizde birnäçe işler geçirilip gelinýär. Muňa mysal edip, talyp ýaşlarymyzyň onlaýn görnüşinde halkara olimpiýadalaryna gatnaşýandyklaryny we baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklaryny aýtmak bolar.

Ýokary okuw mekdebimizde mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gazetdir žurnallarynda ylmy-usuly makalalary yzygiderli neşir edilýär. Şeýle-de, professor-mugallymlarymyz, talyp ýaşlarymyz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ylmy-usuly maslahatlarda çykyş edýärler. 2024-nji ýylda belleniljek Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlygyň çäklerinde akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň daşary ýurt dillerine terjime edilýändigini, Magtymgulynyň döredijiligi bilen bagly daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlaryň yzygiderli geçirilýändigini hem bellemek bolar.

Ine, şu ýyl hem Arkadag şäherindäki açylyp ulanylmaga berlen desgalara meşhur halypalaryň, şahsyýetleriň adynyň dakylmagy halkymyzyň halypa-şägirtlik mekdebiniň müdimiligini subut edýär. Täze açylan ýokary okuw mekdeplerine müňlerçe talyplaryň okuwa kabul edilmegi, Arkadag şäheriniň edaralaryna ýaşlardan ýolbaşçylaryň bellenilmegi ýaşlara bildirilýän belent ynamdan nyşandyr.

Ýene-de sanlyja günlerden ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabatda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Maksada okgunly, ukyp-başarnykly bagtyýar ýaşlaryň ýylyň dowamynda ähli pudaklarda gazanan üstünlikleriniň özboluşly beýanyna öwrüljek bu maslahat we sergi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüler. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine, taryhy üstünliklerine mynasyp goşant goşmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Gülälek AŞYROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.