Beýik maksatlar — aýdyň ösüşlere badalga
21-12-23
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeler gazanylýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamynda ýetilýän sepgitler hem her birimizde buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyny nazara alyp, halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini nygtaýar.
Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar» diýmek bilen, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini nygtady.
Häzirki wagtda milli bilim ulgamynyň işi döwrebaplaşdyrylyp, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek ugrunda tagalla edilýär. Sanly ulgamyň ähli mümkinçilikleri ornaşdyrylan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda jemi 7 fakultet, 21 kafedra bolup, 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi we onda 24-nji sentýabrdaky Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňra alnyp barylýan işleriň netijelerine seredildi. Mejlisde ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmak ýaly meselelere garaldy. Milli Liderimiz: «Her bir mugallym ösüp gelýän ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek işine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidir. Munuň özi bilimli, maksada okgunly, durnukly ýaş nesli kemala getirmäge mümkinçilik berer» diýip, ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ähli ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtamak bilen, mugallymlaryň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy.
Bu günki gün ýokary okuw mekdeplerinde okuw kitaplarynyň we beýleki okuw-usuly serişdeleriň elektron görnüşde-de taýýarlanylýandygyny, ýagny sanly ulgam üçin döredilen bilim portallarynda okuw maglumatlaryny özünde jemleýän zerur serişdeleriň ýerleşdirilýändigini bellemek gerek. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän institutymyzyň professor-mugallymlary tarapyndan üstümizdäki ýylda okuw dersleri boýunça kitaplaryň we gollanmalaryň dürli görnüşi neşir edildi. Talyplarymyz hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller hakyndaky aladalaryna jogap edip, yhlasly okamak bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan guralan ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz geljekde-de bu ýörelgelerimize ygrarly bolarys. Ähli raýatlarymyz bilen bilelikde Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine yhlasly işläris. Munuň üçin şertlerimiz hem, mümkinçiligimiz hem bar» diýen sözleri hemmämiz üçin ösüşiň täze belentliklerine çagyryş bolup ýaňlanýar. Agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, nurana geljege sary ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary hem döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, mundan beýläk-de milli bilim ulgamynyň ösmegine mynasyp goşantlaryny goşmak ugrunda döredijilikli zähmet çekerler. Goý, Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere, täze ýeňişlere, halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Gülälek AŞYROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.