Watanymyzyň ösüşi — döwrebap hünärmenlerde

22-12-23

Watansöýüji, ýokary ahlakly, ynsanperwer, ylym-bilimli ýaşlary kemala getirmek esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenip, ýurdumyzda bu ugurda köpugurly işler amala aşyrylýar. Hut şonuň üçin-de, Garaşsyz Watanymyzda ýaşlara uly ynam bildirilip, üstümizdäki ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna, ylymly-bilimli nesiller hökmünde ösüşlere mynasyp goşant goşmaklarynyň möhüm borç hem wezipe bolup durýandygyny Milli Liderimiz 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda-da nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ulag we kommunikasiýa pudagyny döwrebap ösdürmäge, oňa ylmyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaga, pudagy ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýär.  Şu okuw ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Indi talyplar demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda bilim alýarlar.

Talyplary hünäre ugrukdyrmak, saýlap alan ugurlaryna söýgini berkitmek, kämil hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak nukdaýnazaryndan ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Okadylýan ähli dersler boýunça döwrebap elektron kitaplar, wideo-audio materiallar, gollanmalar, okuw-görkezme esbaplary taýýarlanylýar. Tejribeli professor-mugallymlaryň geçýän umumy sapaklarynyň wideo we audio ýazgylary, elektron kitaplardyr gollanmalar, sapaklarda ulanylýan audio-wideo gollanmalar, elektron okuw-görkezme esbaplary jemlenip, elektron gor döredilýär. Şu okuw ýylynda kitaplar we gollanmalar, okuw maksatnamalary jemlenip, bitewi okuw-usuly toplumy taýýarlanyldy. Bu bolsa, öz nobatynda, geçilýän sapaklaryň netijeliligini üpjün edýär.

Okuw sapaklarynyň täsirliligini ýokarlandyrmakda institutda hereket edýän elektron kitaphananyň-da ähmiýeti uludyr. Bu ýerde talyplaryň taýýarlan kitaphana işini awtomatlaşdyryjy programma ornaşdyrylyp, okyjylara we kitaphana işgärlerine amatlyklar döredildi.

Bilim ojagymyzda teleköpri arkaly ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan okuwlaryň yzygiderli guralmagy, öz nobatynda, professor-mugallymlarymyza tejribe alyşmaga, hünär taýdan kämilleşmäge ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaşlaryň halkara standartlara laýyk bilim almaklaryna, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmaklaryna, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly bolmaklaryna mümkinçilik berýär. Tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologik taýdan ösdürilmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini, olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýan milli sanly bilim ulgamy geljekki ösüşleri kepillendirýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeldilýär.

Daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen institutymyzyň arasynda baglaşylan Ähtnamalara laýyklykda, ösen halkara tejribäni öwrenmäge mümkinçilik berýän onlaýn okuw maslahatlary geçirilýär. Okuw işlerini döwrebap alyp barmak, talyplara berilýän bilimiň dünýä ülňülerine gabat gelmegini gazanmak maksady bilen, ulag-logistika ulgamynyň, energetika, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ulgamlarynyň hem-de senagatyň dürli pudaklarynyň öňdebaryjy kärhanalarynda okuw we önümçilik tejribelikleri, göçme okuw sapaklary yzygiderli guralýar.

Institutyň talyplary döwlet we halkara derejede ylmy hem-de dersler boýunça geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olar şu ýylyň dowamynda açyk halkara internet olimpiadalarynda 8 sany birinji, 9 sany ikinji, 13 sany üçünji orna, şol sanda 8 altyn, 9 kümüş, 13 sany bürünç medala, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda geçirilen onlaýn we adaty ders bäsleşiklerinde 15 birinji, 26 ikinji, 40 sany hem üçünji orna mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara ülňülere kybap getirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerini höweslendiriş çärelerini geçirmek, olary 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda işler geçirilýär. Netijede, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem «UI GreenMetric» bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna we «Times Higher Education» halkara uniwersitetler reýtingine goşulmak üçin hasaba alyndy, şeýle hem Tehniki uniwersitetler assosiasiýasynyň düzümine kabul edildi.

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Aýbek MAŞARIPOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.