Watan şöhratyna şan goşýan ýaşlar

25-05-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň okamagy, işlemegi, döretmegi üçin ähli şertler üpjün edilýär. Ýaşlar baradaky aladalar ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde öz mynasyp beýanyny tapýar. Bu gün bagtyýar ýaşlarymyz iň kämil, häzirki zaman kompýuter, multimediýa-interaktiw, lingafon enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynyň hyzmatyndan peýdalanyp, ylym-bilim alýarlar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de gözýetimlerini giňeltmäge ýardam edýär.

Bu ýylda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamak ugrunda işler mynasyp dowam etdirildi. Halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplarymyzyň halkara derejede geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda çykyş etmekleri, olimpiadalarda baýrakly orunlary eýelemekleri olary ýeneki üstünliklere ruhlandyrmak bilen, kämilleşmeklerine, tejribe toplamaklaryna hem ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary milli, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň netijeli zähmete bolan söýgüsini artdyrmak, häzirki döwre buýsanjyny, ýagty geljege ynamyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygyny pugtalandyrmak täze eýýamda mynasyp derejede dowam etdirilýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ähli halkymyzyň, aýratyn hem, biz — ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara diýseň baý boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeleriň ençemesi gazanyldy. Şol gazanylan üstünliklerde ýaşlaryň hem mynasyp orun eýeleýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek esasy wezipeleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda ýaşlarymyzyň milli ruhda terbiýelenmekleri, döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Bilim-terbiýeçilik edaralary häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Ýaş nesiller bolsa okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilen şeýle köpugurly şertlerden peýdalanyp, saýlap alan hünäri boýunça yzygiderli kämilleşýärler. Bu gün biziň ählimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän ençeme halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, ylmy maslahatlarda türkmen ýaşlarynyň gazanýan guwandyryjy üstünlikleriniň şaýady bolýarys.

Ýene-de sanlyja günden paýtagtymyzda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty hem-de sergisi geçirilip, bu iri forum türkmen ýaşlarynyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, ýetýän sepgitlerine göz ýetirmäge mümkinçilik berer. Watanyň şan-şöhratyny belende göterýän ýaşlaryň üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň olar üçin döredip berýän uly mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Merjen HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.