Ylym — bilim aýdyň geljege şamçyrag

22-12-23

Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda himiýa senagaty üçin gerekli çig mallaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýelemek bilen Türkmenistan özünde bar bolan tebigy serişdeleri işjeň özleşdirip, umumadamzadyň bähbidine gönükdirýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek bilen baglylykda, giň gözýetimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan zehinli ýaşlary kemala getirmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, bilim ojaklarynyň, çagalar we ýaşlar üçin sport meýdançalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän aladalardan nyşandyr. Bu ugurda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň çäginde bilim bermegiň döwlet ülňüleri kämilleşýär, okatmakda dünýäniň ösen döwletleriniň usullaryndan peýdalanmak, bilimiň ýokary hil derejesini gazanmak ugrunda degişli tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda — umumy bilim berýän mekdeplerde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde dünýä maglumat torundan işjeň peýdalanylýar. Çünki sanly bilim ulgamyny ösdürmekde internet aragatnaşygynyň mümkinçiliklerine uly orun degişlidir.

Ylmy tehnologiýalaryň ösýän, innowasion işläp taýýarlamalaryň gündelik durmuşa ornaşýan döwrüniň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ylym pudagynyň hem-de sanly ulgamyň hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi aýratyn bellärliklidir. Şeýle bolansoň, bu gün bagtyýar ýaşlarymyz iň kämil, häzirki zaman kompýuterler, multimedia-interaktiw, lingafon enjamlary bilen ýokary derejede enjamlaşdyrylan bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanyp, bilim alýarlar. Berkarar Watanymyzda tebigy we takyk ugurlara degişli dersleri çuňlaşdyryp öwredýän, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň hereket etmegi hem bu babatda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň ösen ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň tejribelerinden ugur alynmagy, şol bir wagtda-da bu ugurda dünýäde gazanylanlaryň milli tejribeler bilen utgaşdyrylmagy milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrylmagyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylýandygyny görkezýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesliň bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de gözýetimlerini giňeltmäge ýardam edýär.

Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmeginde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Bilim edaralary döwrebap kompýuterler we häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hili hem-de netijeliligi ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny binýatlaýyn ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlary ýaşlaryň geljegine giň ýol açýar. Täze taryhy eýýamymyzda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler ýaş nesliň watançylyk duýgusynyň ösmegine, berkemegine, has-da çuňlaşmagyna mümkinçilik berýär, il-ulsuň ruhy galkynyşynyň ýokary derejelere göterilmegine esas bolup hyzmat edýär.

Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenip bilýän, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan we olary berjaý edýän, Watanyny jany-teni bilen söýýän, ata-enesine, özünden ululara hormat goýýan, edepli-ekramly bolup ýetişmekleri, dost-doganlyk ruhunda terbiýe almaklary üçin bilim edaralarynda ähli şertler döredilendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, alan bilimlerini tejribede peýdalanmaklaryna giň mümkinçilik döredilendir. Bu babatda ýaşlaryň hünärlerini kämilleşdirýändiklerini we ylym bilen meşgullanýandyklaryny aýratyn bellemek bolar. Bu bolsa geljekde ylmy taýdan giň dünýägaraýşy bolan hünärmenleriň ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjakdygynyň aýdyň mysalydyr.

Bagtyýar geljegiň binýadyny gurjak ýaşlaryň okamagy, döretmegi, gurmagy, işlemegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys!

Bagül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň  Logistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.