Täze eýýamyň bilimli ýaşlary

23-12-23

Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, milli ösüşimiziň täze tapgyrynda bilim özgertmeleri ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýär. Muňa uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýan ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy we bilim ulgamynda ýetilen sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim we döredijilik merkezleri yzygiderli gurulýar, olar döwrebap okuw tehnologiýalary, interaktiw-multimedia enjamlary bilen üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan mynasyp goşandyna berlen ýokary bahadyr.

Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň bilim giňişliginde we halkara gatnaşyklarynda örän möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä dillerini bilýän ýaşlaryň täze nesli kemala geldi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki günde möhüm meseleler babatda köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, giň dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe çemeleşmelerdir ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara uly orun berilýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz 27-nji dekabrda Aşgabat şäherinde, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty, sergileri we dabaralary ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly Karara gol çekdi. Iri forumyň çäginde ýylyň dowamynda özümizde hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener. Alyp baran işlerine, gazanan netijelerine mynasyp baha berlip, olary sylaglamak bilen, geljekki uly üstünliklere ýol açylar.

 Mährijemal GURBANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň  Logistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.