Beýik ynama mynasyp ýaşlar
23-12-23
Ýaşlar — biziň şu günümiz hem geljegimiz. Häzirki döwürde ýaşlara örän uly ynam bildirilýär. Şol belent ynam bu günki gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň duýulýar. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem şol synmaz ynamyň has-da belent derejä göterilmegidir, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde ýaş nesillere bil baglanylýandygynyň alamatydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar we ýaşlyk hakda ündän paýhasly jümleleri maksatlarymyza joşgun, yhlasymyza ylham berýär, ykbalymyza serpaý bolup dolýar. Beýik geljegiň hatyrasyna zerur bolan ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegi asylly maksatlarymyzyň has-da ilerlemegini üpjün edýär. Hut şonuň üçinem eziz Watanymyz, berkarar döwletimiz, bagtyýar halkymyz, Milli Liderimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hakda ýaňlanýan ýürek sözlerimiz buýsançdyr joşgundan doludyr. Watanymyzyň mukaddeslikleri, halkymyzyň mertebesi hakda söz açylanda, adaty sözlemler ajaýyp jümlelere öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Ýaşlara sözüm» atly bölüminde şeýle ýazýar: «Men türkmen ýaşlaryna kalbymyň töründen orun berip, olary ezizleýärin. Olaryň başarjaňlygyna, zehinine, edermenligine, zähmetsöýerligine, ýiti üşükliligine, düşbüligine, dogruçyllygyna, döredijilikli işlemekde jöwher pähimliligine guwanýaryn. Bu günki ýaşlarymyzyň tutuş durkunda olar hakyndaky aladalarymyzyň, umytlarymyzyň, yhlasymyzyň netijesini görmek isleýärin». Milli Liderimiziň bu paýhasly jümleleri her bir ýaş türkmenistanlynyň esasy ýaşaýyş şygarlarynyň biridir.
Türkmen ýaşlary jemgyýetiň ähli gurşawynda bolup geçýän özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, olaryň islegleridir garaýyşlary geljegiň binýadydyr. Düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän döwründe milli we umumadamzat gymmatlyklaryndan ugur alýan ýaş nesliň syýasy, hukuk aňyny kämilleşdirmek wezipesi bolsa aýratyn ähmiýete eýedir.
2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleri bolsa ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar. Ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurdaky uly ähmiýetli wakadyr.
Şu ýylda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bu halkara ykrarnama ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýaşlar syýasatyny halkara derejede ýaýbaňlandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly ýaşlaryň halkara maslahaty, şeýle hem noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk» atly tema bagyşlanan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy, Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerletmekde aýratyn ähmiýete eýe bolan taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy.
Ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn alada olary täze döredijilik üstünliklerine, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gönükdirilen asylly işlere ruhlandyrýar. Ministrler Kabinetiniň 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň ahyrynda paýtagtymyzda ýaşlaryň maslahatynyň we sergisiniň guraljakdygy barada habar berilmegi hemmeleri örän begendirdi. Şonda hormatly Prezidentimiz bu foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Häzirki wagtda bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesine öwrüljek foruma güýçli depginde taýýarlyk görülýär.
Döwletliligiň we bagtyýarlygyň düýp özeninde düşünjeleriň sagdynlygy bardyr. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň eserleri geljegimize şugla saçýan şamçyragdyr. Ýörejek ýollarymyzy, aşjak menzillerimizi, bitirjek işlerimizi, ýetjek sepgitlerimizi şeýle paýhasly eserlerdäki öwüt-ündewler esasynda kesgitleýäris. Bu üç aýratynlyk döwrümiziň ähli ýaşlary üçin ugur alynýan esasy ýörelgelerdir. Sagdyn beden, sagdyn düşünje, sagdyn ruh — türkmen ýaşlaryny bezeýän we beýgeldýän aýratynlyklar bolup durýar. Durmuş hakdaky düşünjelerimiziň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarymyzyň giňelmegi, zehinlerimiziň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegimiz Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän beýik ynamyndan gözbaş alýar. Biz her bir işimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerinden nusga-görelde alýarys. Biz — talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, kämilleşmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ibragim EKÄÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň talyby.
Ýolbaşçy mugallym Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.