Maglumat tehnologiýalary bilen döwrebap ösüşe tarap

25-12-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň bize eçilen mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ykdysady, syýasy we durmuş ösüşinde aýdyň şöhlelenýär.

Kämil tehnologiýalar, ösen sanly ulgam bagtyýar döwrümiziň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde orta çykýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda kämil innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde maglumat-aragatnaşyk ulgamlary barha ösdürilýär, ýokary tizlikli internet-aragatnaşygyň elýeterliligi hem doly derejede üpjün edilýär. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi ylmy-tehniki ösüşiň gönüden-göni netijeleridir. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda sanly özgertmeleri amala aşyrmak babatda netijeli işler mynasyp kemal tapýar. Şeýle özgertmeleriň durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap almagy zerur bolan ähli ýeňillikleriň döremegine şert döredýär.

Aragatnaşyyk kommunikasiýalarynyň ösmegi, maglumat alyş-çalşyny üzül-kesil çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Maglumatlary işlemegiň we geçirmegiň häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakda, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem raýat jemgyýetini sazlaşykly ösdürmegiň çärelerini durmuşa geçirmekde täsirli gural hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem biziň ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegine, hususan-da, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagyna, «Elektron hökümet» ulgamyna geçilmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýet boýunça öňdebaryjy döwletler bilen aýakdaş gitmekde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, elektron resminama alyş-çalşynyň geriminiň giňeldilmegi döwlet dolandyryş edaralary, şeýle-de kärhanalardyr telekeçiler we ilat üçin örän peýdaly. Munuň özi wagtyň, kagyz, ulag we poçta çykdajylarynyň tygşytlanmagyna, degişli amallaryň guramaçylyk häsiýetli, dürli bökdençliklere sezewar bolmazdan, çalt ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmagyň kanunçylyk binýadynyň kemala getirilmegi we döwür bilen aýakdaş ösdürilmegi, bu babatda dünýä tejribesiniň öwrenilmegi barha uly we möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýetiniň bardygyndan habar berýär. Milli ykdysadyýetimiz üçin sanlylaşdyrmak täze eýýamyň ösen ugry bolmak bilen, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwletimizde oýlanyşykly ýagdaýda esaslandyrylan görkezijidir. Eziz ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, şol sanda zerur bolan düzümi döretmek boýunça hem anyk çäreler görülýär. Maglumat tehnologiýalaryny yzygiderli ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe ýurdumyzda sanly gurşawyň döredilmegi bilen uly artykmaçlyklary döredýär. Ähli ugurlara maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen syýasy, ykdysady we beýleki ulgamlaryň ösüşe ukyplylygy hem ýokarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda şeýle akylly hem kämil tehnologiýalaryň ösdürilmegine gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi has-da artdyrylyp, bu ugurda sanly maglumatlaryň önümçiligi artdyrmakda eýeleýän orny hem barha ýokarlanýar.

Isa ALLANAZAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Halypa mugallym Jemşit ÇÜRIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.