Ýaşlar - kämilligiň gözbaşy

27-12-23

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Ata-babalarymyz ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdir. Edep-terbiýe, ylym-bilim hemişe ynsanyň bedeninde sazlaşykda bolýar. Ylym-bilim giň umman ýaly aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýär.

Döwrebap bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýaşlara inžener-tehniki dersleriň dürli ugurlarynda bilim berilýär. Olaryň bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin şertler döredilendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda talyp ýaşlarymyzyň ylmy döredijilikde, halkara ders we döwlet bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri buýsandyrýar. Institutymyzda ýola goýlan halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ýokary derejede alnyp barylmagy bilim-terbiýe berýän mugallymlary tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen birlikde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäklerinde bilim ulgamy maksatnamalaýyn esasda ösdürilýär, onuň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine seredildi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, bilim işine döwlet akkreditasiýasy amallaryny ornaşdyrmak boýunça degişli resminamalaryň kabul edilmegi barada işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Häzirki wagtda bilim edaralarynda akkreditasiýa işi öwrenilýär. Ýurdumyzda tehniki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar öz işine ökde, hünär derejesi ýokary, bilim binýady berk, zähmet endiklerine belet, ylmy-tehniki progressiň täze gazananlaryndan habarly, iş-başarjaň hünärmenlerdir. Olar jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy, ruhy-medeni taýdan has-da ösmegine, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende göterilmegine itergi berýän egsilmez güýçdür.

Biz Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bilim alýan talyplarymyza okuw derslerinden boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklary üçin innowasion taýdan dünýäniň soňky gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kompýuter, tejribe otaglarynda we beýleki otaglarda barlag işlerini, tejribe işlerini geçmegi öwredýäris. Talyplarymyzy önümçilik kärhanalarynda, okuw derslerinde tejribe işlerinde öwrenenlerini özleşdirmäge kömek edýäris.

Şu gün — 27-nji dekabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty, sergileri dabaralary geçiriler. Onda ýurdumyzda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, olimpiadalarda ýeňiji bolan, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň ösüşine goşant goşan ýaşlarymyzyň üstünlikleriniň jemi jemlener. Bu forum Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda özleri üçin döredilýän şert-mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan ýaşlaryň Watanymyzyň rowaçlygy we gülläp ösüşi ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýandyklaryny Ýer ýüzüne äşgär eder.

Türkmen ýaşlaryna ylym-bilim öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Batyr GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ylmy ýolbaşçy Deňizguly AŞYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.