Ýaşlar Watanymyzyň kuwwaty we geljegi

27-12-23

Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän uly üns-aladanyň, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň we amala aşyrylýan ägirt uly işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şu gün — 27-nji dekabrda Aşgabatda geçirilýän ýaşlar maslahaty hem ýaşlaryň ykbalynda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn möhüm waka bolar.

Milli Liderimiz ýaşlary hemişe jemgyýetiň öňdebaryjy gatlagy, kuwwatly güýji hasaplaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara uly ynam bildirilýändigini nygtamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. «Siz ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň örän möhüm, jogapkärli tapgyrynda — täze onýyllykda alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam etdirmelisiňiz!» diýip, Milli Liderimiz belleýär.

Demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň, ýerli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ýeňiş gazanan öňdebaryjy ýaşlarymyz bu gün Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlarymyz saýlaw esasynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralaryna halkymyzyň wekili hökmünde saýlandylar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň düýp many-mazmunynda hem ýurdumyzyň geljeginiň binýadyny esaslandyryjylar bolan ýaşlara bildirilýän uly ynam äşgär görünýär.

Diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde hem ilkinji «akylly» we «ýaşyl» şäher bolan Arkadag şäheri «Ýaşlaryň şäheri» diýen belent derejä eýe boldy. Täze şäheriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Gujurly we zehinli türkmen ýaşlary «akylly» şäherde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýärler. Şäherdäki «akylly» öýleri ykjam enjamlar bilen dolandyrýan «Arkadagly ýaşlar» programmasynyň türkmen ýaşlary tarapyndan döredilmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Ýaşlaryň ajaýyp zamanamyza bolan ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmek, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagly ýaşlar» atly täze çeper-publisistik, ylmy-populýar elektron žurnaly döredildi. Bu başlangyjyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan goldanylmagy ýaşlaryň ylmy açyşlarynyň, döredijilik ukyplarynyň, öňdebaryjy pikirleriniň, belent maksatly tutumlarynyň rowaç bolmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesidir.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek babatda kanunçylyk-hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Kanunyň rejelenen görnüşi taýýarlanylanda, ýurdumyzyň ýaş wekilleriniň pikirleriniň, teklipleriniň göz öňünde tutulandygyny aýratyn nygtamak zerur. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň esasynda ýaş raýatlaryň talabalaýyk bilim almagy, zähmet çekmegi, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän ýaşlar syýasaty durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara baý ýyl boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň geçirilmegi şol taryhy ähmiýetli wakalaryň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde şu ýyl ýurdumyzda uly çäreler üstünlikli geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili», Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara ýaşlar forumlarynyň geçirilmegi bu babatda möhüm ädim boldy.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, ylym we bilim olimpiadalarynda ýeňiji bolan, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyz geljekki ýeňişlere ruhlanýarlar. Şu toý-baýramly günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy kalbymyzy has-da buýsançly duýgulara besleýär. Bu kitabyň her bir jümlesinde ýaşlara bolan ynamyň älem ýaly çäksizligi, umman ýaly çuňlugy, asman ýaly belentligi görünýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen türkmen ýaşlaryna halka, adamzada hyzmat etmegiň belent nusgasyny, terbiýe mekdebini görkezýär, jemgyýete wepaly şahsyýet bolup kemala gelmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär. Bu ajaýyp kitap üçin bagtyýar döwrümiziň baýdak göterijileri bolan ruhubelent ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda ýaşlara goýulýan çuňňur sarpanyň hem-de hormatyň ýokarydygyny äşgär eden pursatlaryň birine öwrüldi. Bagtyýar ýaşlarymyz bilen baglanyşdyrylan bu ýylymyz hem tamamlanyp barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp, ýörite ýaşlaryň dabaraly ylmy-amaly maslahatynyň hem-de sergisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi türkmen ýaşlarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 27-nji dekabrynda geçiriljek ýaşlar forumy ösüp gelýän ýaş nesilleriň geljekki üstünliklere ýetmegine, ylmy-oýlap tapyşlaryny ýokarlandyrmagyna, halkara derejesindäki geçirilýän bilim we sport ýaryşlarynda ýokary netijelerini gazanmagyna uly itergi berer. Biz ýaş watan goragçylary hem ýaşlaryň dabaraly ylmy-amaly maslahatyna hem-de sergisine ýokary derejede taýýarlyk görýäris.

Biz — ýaşlar üçin ähli ugurda nusgalyk mekdep bolup durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Tyllagözel AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.