Ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly forum

27-12-23

Şu gün, 27-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi öz işine başlady. Ýaşlar hyzmatdaşlygyny halkara derejesinde ösdürmekde, ýaşlaryň dünýägaraýyşlary bilen bagly giň mümkinçilikleri açyp görkezmekde ýardam berjek bu halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi jemgyýetçilik köpçüliginiň ünsüni özüne çekdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhy ösüşinde ähli ulgamlar ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Munuň özi ýaş türkmenistanlylaryň kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny, hyjuwyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Biziň alyp barýan döretmek we gurmak ýolumyza eýerip, bilim edaralarynda ylym-hünär öwrenýän, döwlet, häkimiýet, dolandyryş edaralarynda, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän, olimpiadalarda, bäsleşiklerde, festiwallarda hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýän bagtyýar ýaşlarymyz Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrýarlar» diýen jümleleri maslahatyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherleriniň diwarlyklary ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamalarynyň rowaçlyga beslenýändigini görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri ýaşlaryň şäheri hökmünde bagtyýar geljegimize şugla saçýar. Bulardan başga-da, sergi zalynyň bir bölegi ýurdumyzyň sebitleriniň ösüşlerine bagyşlanýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de umumybilim edaralarynyň diwarlyklary serginiň  aýratyn bölümini emele getirýär. Ýaş nesliň döwrebap derejede bilim almagy, ylym, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy üçin şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Talyp ýaşlarymyzyň we mekdep okuwçylarymyzyň halkara olimpiadalarynda, kompýuter we taslama bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň medeniýet  ulgamy öz işini  «Arkadag Serdarly ylhamly ýaşlar» atly bölümçede  dowam edip, onda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Mährijemal Mämmedowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ylmy-usulýet bölüminiň müdiri Sülgün Berdimyradowa, «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Aýgül Rahymowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir edijilik bölüminiň müdiri Durdymyrat Atdaýew dagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň  Arkadag Serdarly bagtyýar  ýaşlar ýylynda  medeniýet ulgamynda ýaşlar  tarapyndan alnyp barylan işler,  sungaty medeniýeti ösdürmekde olaryň gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin çykyş etdiler. Şu ýerde  çykyşlaryň  dürli  dillerde bolandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

Maslahatyň gün tertibinde türkmen ýaşlarynyň döwlet dolandyryşynda tutýan orny, ýurduň daşary syýasaty, tehnologik ösüş, ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, oba hojalygy we Türkmenistanyň energetika toplumy ýaly möhüm meselelere garaldy. Maslahatyň aýratyn bölümi, döwletiň ähli derejedäki ýaşlara berýän goldawyna bagyşlanýar.

 Abdylhalyl AMANOW
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Landşaft dizaýny hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.