ÝAŞLAR — DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY WE GUWANJY

28-12-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle-de, ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyny nazara alyp, halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini nygtaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň durmuşynda taryha altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly wakalar bolup geçdi.

Ajap eýýamymyzyň dürli şygarlary bilen gelýän ýyllarynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň şan--şöhraty artýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan ýokary görkezijiler beýleki ulgamlardaky üstünlikler bilen sazlaşykly utgaşýar. Döwlet Baştutanymyzyň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty Garaşsyz Türkmenistanymyzyň halkara abraýynyň buýsançly belentliklere çykmagynda iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Şu ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda Mary şäherinde geçirilen Orta Aziýa we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumy hem ýokarda ýatlanymyza mysaldyr. Watanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem ýeňişli ýyllaryň biri boldy.

Ynha, şeýle, taryhy ähmiýetli wakalaryň biri hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 27-nji dekabrynda Türkmeistanyň Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara sergiň açylyş dabarasy boldy. Soňra bu ýerde ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ýaşlaryň ajaýyp üstünlikleri, halkara derejesindäki ýeňişleri bilen halkymyzyň buýsanjyny artdyrandyklary uly guwanç bilen nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys, biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýip, nygtamagy islendik hünärde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlary geljekde has-da yhlasly, tutanýerli bolmaga ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň özleri hakyndaky edýän beýik ynamyndan ruhlanýan ýaş nesiller döredijilikli okap, zähmet çekýärler.

Halkymyz bu ýyly ýokary ruhubelentlik bilen jemledi. Bu ýylda aýratyn bellemeli zatlaryň biri adyndanam belli bolşy ýaly, bu ýyl ýaşlaryň durmuşynda uly özgerişlikleriň ýyly boldy. Şeýle buýsançly, taryhy ähmiýetli wakalaryň biri hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütündünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegidir. Bu bolsa döwletimizde ýaşlara uly ornuň degişlidigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

Güneşli Diýarymyzda ýaş nesliň bagtyýar şu gününi, nurana ertirini berkarar etmek, şahsy we jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, olary giň gözýetimli we täze tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenler edip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler diňe göwünleri galkyndyrman, eýsem, döwrümizi hem ösüşlerden-ösüşlere alyp barýar. Esasan hem üstümizdäki “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan ýylymyzda hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kuwwatlandyryjy güýji hasaplanýan ýaşlara uly ynam bildirýär.

Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljak wakalardan doly ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler ýaş neslimiziň güýç-gaýratyny kämillige gönükdirýär. Bagtyýar türkmen ýaşlarynyň ykbaly bilen baglanyşykly beýik işleriň — ýaşlar forumynyň, halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi we şular ýaly taryhy wakalar biz — ýaşlary, diýseň, begendirýär, buýsandyrýar.

Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, öz saýlap alan hünärlerimiziň eýeleri bolmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

 Amanbeg HAÝYDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Halypa mugallym Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.