Bagtyýar ýaşlara belent buýsanjyň beýany
28-12-23

Durmuşyň, ýaşaýşyň gözelligi ýaşlykda, ýaşlyk joşgunynda jemlenendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şeýle joşgunly ýyllaryň biri boldy. Düýn paýtagtymyzda ýokary ruhubelentlikde şanly ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy maslahat hem-de sergi muny aýdyňlygy bilen tassyklady. Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýaşlaryň gazanýan üstünlikleriniň örän guwandyrýandygyny belledi we «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemlenýändigini nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde ibermegi hem türkmen halkymyzda mukaddeslige öwrülen sylag-sarpanyň, hormatyň ajaýyp görkezijisine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi. Nesilleriň dowamaty — döwürleriň baglanyşygy» diýen many-mazmunly jümlelerinden mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Milli Liderimize ýüzlenip: «Siziň pähim-paýhasyňyzdan, öwüt-ündewleriňizden, halypalyk ýörelgeleriňizden ugur alyp, ýaşlarymyz her bir işi uly ruhubelentlik, jogapkärçilik bilen ýerine ýetirýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde men hem özümiň türkmen ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabymy uly hormat bilen sowgat hökmünde Size iberýärin» diýip bellemegi, ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň kömek-goldawlarynyň durandygy aýratyn nygtalýar.
Bilşimiz ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerini alamatlandyrýan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi şu ýylda öňdebaryjy ýaşlaryň gazanan üstünliklerini bir ýere jemledi. Bu halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň çäklerinde ýaşlarymyzyň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Olaryň arasynda welaýatymyzdan hem ýaşlaryň bardygy diýseň begendirýär.
Ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly joşguna beslenip jemlenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bagyşlap ýazan ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzyň kalbynda egsilmejek şatlygy döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlygyň, köňüller içre ruhy joşgunynyň aýdymy bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýan kitabymyza öwrüler. Türkmen ýaşlaryna bolan buýsanjyň, olaryň gazanan ajaýyp üstünliklerine bolan guwanjyň çeper beýany bolan bu kitap ähli halkymyz bilen birlikde, ýaşlarymyzyň göwnüni galkyndyrdy, olaryň beýik geljegine bolan ynamyny berkitdi. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan kämil bilimli, maksada okgunly ýaşlaryň döredijilik ruhy, mynasyp goşandy bilen bedew bady bilen öňe barýar. Elbetde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geljek ýyllarda hem ýaşlaryň durmuşynda şeýle taryhy wakalar, ajaýyp üstünlikler garaşýar. Häzirki wagtda bolsa biz — ýaşlaryň paýyna döredijilikli zähmetimiz bilen ata Watanyň şöhratly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ýaly belent ynama mynasyp bolmak düşýär.
Goý, biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän belent maksatlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ilmyrat REJEPOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Halypa mugallym Gülbahar SALAKOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.