Belent ynama mynasyp eziz ýaşlar

29-12-23

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçirilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahat hem-de köpugurly sergi ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda sözüň doly manysynda taryhy waka boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy özgertmelerine işjeň gatnaşýan, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalaryň rowaçlyklara beslenmeginde ähli ukyp-başarnygyny, yhlasyny orta goýýan welaýatymyzyň  öňdebaryjy ýaşlary bu maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Welaýat kitaphanasyna ýygnanan ýaşlar köpugurly serginiň hem-de halkara derejeli maslahatyň barşynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyna mynasyp bolan ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen has içgin tanyşdylar. Ýaş nesliň gazanan giň gerimli üstünlikleri ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin döredilýän şert-mümkinçilikleriň miweleridir. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, belent sepgitlere eýe bolan ýaşlaryň birnäçesiniň ýylyň jemleri boýunça döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy balkanly ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň üçin Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlaýan hoşallyk sözleri olaryň dilleriniň senasyna öwrüldi.

Ýurduň, halkyň geljegi şu günki ýaşlara, olaryň terbiýesine we bilimine bagly. Hut şonuň üçin hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady netijesinde ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada kabul eden Permanlary we Kararlary asly halal halkymyzyň kämil jemgyýetde ýaşamagy, işlemegi, döretmegi, gurmagy ugrunda öňde goýlan belent wezipeleriniň rowaç alýandygyny äşgär edýär. Ruhubelent, kalby päk, ahlagy arassa, dünýägaraýşy giň, halallygy hemişe özüne ýaran edinýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek Arkadagly Serdarymyzyň ýurtda amala aşyrýan beýik başlangyçlarynyň, hususan-da, ylym-bilim özgertmeleriniň özenini düzýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ýaşlar döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilýän wezipelere işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlara bildirilýän şeýle uly ynam merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgelerine eýerýän ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine uly itergi berýär.

Eziz Diýarymyzda ýaşlara bildirilýän belent ynam, olaryň döwrebap bilim almaklary, päk zähmet çekmekleri üçin alnyp barylýan syýasaty giňden wagyz-nesihat edýän Gahryman Arkadagymyzyň çuň pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary deňi-taýy bolmadyk gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan, il-günüň arzuwdyr isleglerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlary ykbaly galkynan ýaşlar. Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösmegimiz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda ylym-bilim almagyna, hünär öwrenmegine, sagdyn nesiller bolup ýetişmegine we özleriniň ýagty geljegini gurmaklaryna mümkinçilik berýär. Şeýle ajaýyp şertlerden ruhlanýan türkmen ýaşlary döredijilik we zähmet äleminde ýokary netijeleri gazanyp, hemmetaraplaýyn kämilleşýärler. Häzirki günde ýokary hünärli ýaşlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekmek bilen, özleriniň hünär başarnyklaryny we gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine gönükdirýärler.

Bagtyýar zamanada halal zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, onuň at-abraýyny belende göterip, halkyň söýgüsine, sylag-hormatyna mynasyp bolmak ýaşlar üçin uly bagtdyr. Ata Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmek, döwletimiziň özleri barada edýän atalyk aladalaryna yhlasly okamak, halal zähmet çekmek, gurmak, döretmek bilen jogap bermegiň ýaşlarymyzyň Watan öňündäki mukaddes borçlarydygyna düşünýän türkmen ýaşlary bagtyýarlyk döwründe bilimde, ylymda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly belleýşi ýaly, islendik ýurt häzirki zaman ösüşiniň hataryna çykmakda ylym-bilim ulgamynda gazanan ýokary derejesine daýanýar. Geljegimiz bolan ýaşlara berilýän bilimleriň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet bermek, adamlary, ilkinji nobatda ýaşlary dünýä ylmynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna çekmäge ýardam bermek, medeni, Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan gelip çykýan ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek bilen, ýurdumyz geljegi uly ugurlara — adama, onuň döredijilik mümkinçiliklerini peýdalanmaga giň ýol açýar. Şoňa baglylykda, türkmen ýaşlary eziz Diýarymyzyň şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde ylym alyp, eziz Watanymyzyň dürli pudaklaryna gerekli hünärmenler bolup ýetişýärler. Şeýle ösüşleriň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň sakasynda duran, halkyny eşretli döwre alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, beýik tutumlary rowaç bolsun!

 Döwlet MERDANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ylmy ýolbaşçy Orazmyrat BERDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.