Bagtyýar illerde Gurban baýramy

20-05-26

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 27-28-29-njy maýynda halkymyz Gurban baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde bellär. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär.

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan senäni şatlyk-dabara bilen garşy almak, bütin halk bilen agzybirlikde bellemek Garaşsyzlyk ýyllarynyň asylly däpleriniň birine öwrüldi. Musulman dünýäsinde giňden bellenilýän bu baýramy geçirmegiň däp-dessurlary asyrlaryň synagyndan geçip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Soňky ýyllarda olaryň üsti täze edim-gylymlar, öwüşginler bilen dolduryldy. Ol her ýyl agzybirlikde bellenilýär.

«Gurbanlyk» sözi, aslynda, «ýakynlaşmak, ýakyn bolmak» diýen manyny aňladýar. Ata-babalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen päk niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdar ekenler. Bu baýramyň öň ýanynda öýke-kineli adamlar ýaraşypdyrlar. Gurban baýramynyň daň säherinde ýerine ýetirilmeli parzlaryň biri hem, «Gurban şor» edinmekdir. Bu baýramyň ýylyň haýsy paslyna gabat gelýändigine seretmezden, bu parzy ýerine ýetirmek her bir musulman ymmatynyň borjy hasaplanýar.

Bu baýramda täze egin-eşikleriňi geýnip, özüňe, öý-içeriňe serenjam berilýär. Gadym döwürlerde her maşgala agzasy üçin birlaý täze lybas tikinmäge gurby çatmadyk öýlerde egin-eşigiň bagjyk, iňňebagjyk, gülýaka, tahýa, ýaglyk ýaly, birlän-ikilän görnüşini täzeläp, beýlekilerini tämizläp geýmek hem göwnemakul hasaplanypdyr.

Döwürleriň özgerýändigine we ýaşaýyş-durmuşymyza täze ösüşleriň ornaşýandygyna garamazdan, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlary ýatdan çykarylmaýar. Bagtyýar döwrümizde guşgursak dänäniň unundan bişirilen gatlama, ýagly petir, çelpek, maýaly petir, pişme, owmaç, mesge-petir ýaly dürli nygmatlary toý märekesine eçilýärler. Palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli tagamlar bilen hezzetleýärler.

Çaga terbiýesinde milli baýramçylyklaryň hem ähmiýeti uludyr. Zähmetsöýerlik, bir sözlülik, wepalylyk, adamkärçilik, päklik ýaly milli häsiýetleriň gymmaty uludyr. Ulyny uly ýerinde, kiçini kiçi ýerinde sylamagy, hormat goýmagy nesihat eden ata-babalarymyz halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň binýadyny pugtalandyrypdyrlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiz nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edýär. Ynha, uly arzuw-umytlar bilen garşylap, ýagşy dilegler bilen bellenilýän Gurban baýramy agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlary täze röwüşde dabaralandyrylýar. Toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelýän bagtyýarlyk döwründe garşylaýan Gurban baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

Zulfiýa REJEPOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. 

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.