Gurban baýramy – hoşmeýilliligiň we ruhy-ahlaklygyň baýramy
20-05-26
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many–mazmuna eýe bolan mukaddes Gurban baýramy halkymyzy täze üstünliklere, beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde Gurban baýramy ajaýyp millilik ýörelgelerimize laýyklykda hiňňildikler dikilip, medeniýet we sungat işgärleriniň saz-söhbetli çykyşlary guralyp, döwlet derejesinde we ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bagtyýar maşgala ojaklarynda täze-tämiz lybaslar geýlip, bereketli saçaklar giňden ýazylyp, il-ýurt abadançylygynyň, sag-salamatlylygyň, rysgal-döwletliligiň dowamat-dowam bolmagynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär.
Gadymdan gelýän bu baýram adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar. Gurban baýramy – ozaly bilen, maşgala baýramy, her öýde gadyrly myhmanlar üçin datly tagamlar taýýarlanylýar. Bu hoşmeýilliligiň we mähribanlygyň baýramy, adamlary birleşdirýän baýram.
Bu baýramçylygyň terbiýeçilik ähmiýeti uly bolup adamlary ynsanperwerlige, birek-biregi sylamaklyga, gowy gatnaşykda bolmaklyga, mätäje kömek etmeklige ündeýär. Ýyl dowamynda iş bilen meşgul bolan adamlara dogan-garyndaşlary ýatlamak, dost-ýarlar bilen baryş-geliş etmek, myhmançylyga barmak uly huzur bagyş edýär. Adamlaryň şeýle gowy gatnaşykda bolmagy parahatçylygyň girewidir.
Gurban baýramy ähli musulman halklarynyň mukaddes baýramydyr. Ata- babalarymyz bu baýrama aýratyn uly ähmiýet beripdirler hem-de ony giňden belläp geçipdirler. Musulman dünýäsiniň esasy baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramy hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza tutmak ybadaty tamamlanandan soň, 71-nji günde başlanýar. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däpleri mynasyp dowam etdirilýär.
Gurbanlyk baýramçylygy sözüň doly manysynda, ynsan kalbyny tämizleýär, adamlary birek-birege mähriban edýär, agzybirlige çagyrýar. Bu baýram ynsanlary birek-birege has ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, jebisleşdirýär.
Gurban baýramy ata-babalarymyzyň iň mukaddes däpleriniň berjaý edilýän baýramlarynyň biri bolup, onda ynsana hormat goýmak, özgelere ak ýürekli garamak, ejizleri goldamak, hal-ahwalyny soramak, olara howandarlyk etmek, ýeri gelende mertligi, ýagşylygy we haýyr sahawatlylygy başarmak ýaly ajaýyp häsiýetler jemlenýär. Gurban baýramy günlerinde-de köňüller päklenip, milli däplerimiz çuňňur mana eýe bolýar.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem agzybir halkymyz Gurban baýramyny uly toý şatlygyna beslemäge taýýarlyk görýär. Döwletli ojaklarda bereketli saçaklaryň başynda edilen söhbetlerde, arzuw-dileglerde, okalýan aýatdyr töwirlerde ýurdumyzy agzybirlige, jebislige besleýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyşlar aýdylar.
Goý, mübärek Gurban baýramy günlerinde halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, eziz Diýarymyzyň berkararlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumlarynyň rowaçlygy üçin ediljek doga-dilegler, ýagşy umyt-arzuwlar gudraty güýçli beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Mukaddes Gurban baýramyňyz gutly, gurbanlyk sadakalaryňyz kabul bolsun, eziz ildeşler!
Orazjemal DÖWLETMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.