Inžener-mehaniki hünärmenleriň bilim alýan okuw mekdebi

02-01-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda alnyp barylýan işler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Institutyň jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary, mehanika-tehnologiki, ulaglar, demir ýol ulaglary, ykdysadyýet we dolandyryş hemde sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetlerinde bilim bermegiň esasy şerti talyp ýaşlary ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekdir. Şeýle hem hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde ýurdumyzyň ulag pudagynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary innowasion usulda alnyp barylýar.

Institutda häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan enjamlar, şeýle hem ýokary derejelere eýe bolan dürli tejribe abzallary ornaşdyrylan tejribehanalarda talyplar öz nazary bilimlerini amaly tejribede berkidýärler. Tejribe okuwlary talyplaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär.

Ylmy işe höwesli, aýratyn zehinli talyplary ýüze çykarmak, olary medeniköpçülik, jemgyýetçilik işlerine işjeň çekmek üçin, kafedralaryň ýanynda hereket edýän gurnaklaryň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Fakultetlerde alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri boýunça dürli temalara bagyşlanan ylmyamaly maslahatlara gatnaşmak we ylymda gazanylan üstünlikler boýunça halkara derejede geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda çykyş etmek, ylmy žurnallarda we halkara indeksli ylmy žurnallarda makalalary çap etdirmek hemde ylmy monografiýalary taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Institutyň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan awtorlyk hukugyna degişli bolan obýektiň birnäçe şahadatnamasy alyndy. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty özara hyzmatdaşlyk saklaýan daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen ylmyamaly maslahatlary, onlaýn okuwlary we onlaýn maslahatlary yzygiderli guraýar. Institutyň Ulaglogistika ylmy merkezinde ulag pudagynyň edara-kärhanalarynyň ýüztutmalary esasynda şertnamalaýyn ylmy işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine, inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýurt, sebit derejesinde ähmiýetine bagyşlap, mugallymlaryň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda metbugatda, tele we radio ýaýlymlarda yzygiderli çykyşlar guralýar.

Ýokary okuw mekdebimizde öwredilýän dersleriň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda, täze elektron okuw kitaplaryny we okuw usuly gollanmalary taýýarlamak, okuw sapaklaryny häzirkizaman okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün etmek we kämilleşdirmek bilen bilelikde, okuw işlerini önümçilik bilen has ýakyn baglanyşdyrmak maksadynda, institutda öwredilýän hünärler boýunça pudaklaýyn kärhanalar bilen hem özara baglanyşykly işleri alyp barmak ýola goýlan.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «UI Green Metric» Bütindünýä uniwersitetler reýtinginiň sanawyna we «Times Higher Education» halkara uniwersitetler reýtingine goşuldy. Şeýle hem ýurdumyzyň bu ýokary okuw mekdebi Tehniki uniwersitetler assosiasiýasynyň düzümine girdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň söwda  ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, senagat, oba hojalygy pudaklaryndawe beýleki ugurlarda uly ösüşlere eýe bolnup, ýetilýän belent sepgitler halkara derejede geçirilýän sergilerde aýdyň şöhlelendirilýär. Şeýle sergilere institutymyzyň halypa mugallymlary hem-de«Ýaş wagyzçylar» gurnagynyň agzalaryda işjeň gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň senagat, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda gazanylýan ösüşler barada teleýaýlymlarda çykyş edýärler.

 Musajelil ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.