Göreldäniň nusgasy
07-01-24
Edep-terbiýу maşgalada uly orun eýeleýär. Edep-terbiýe barada söz açylanda, Milli Liderimiziň “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaplary ýadyňa düşýär. Sebäbi terbiýe dowamat dowam bolup nesillere geçýän gymmatlyklaryň iň esasylarynyň biridir. Terbiýe bilen bagly söhbet bolsa, mugallym we ene-ata hakyndaky pikirlere atarýar.
Ilkinji terbiýe – enäniň hüwdüsi. Sebäbi çaga gundagly wagtyndan başlap enesiniñ mähremligi bilen terbiýelenýär. Her bir ene-atanyň uly arzuwy ogul-gyzlarynyň terbiýe bilen birlikde bilim almaklary, sowatlt-düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi bilen baglanyşykly aladalarda jemlenýär. Şol süýji aladalaryň, esasy mazmunynda mugallym hakyndaky ýakymly söhbetler hem bardyr. Kim nirede bolsa-da, mugallymlary hakyndaky ýatlama oňa ganat berýär. Adamy çagalyk we ýetginjeklik, ýaşlyk ýyllaryna alyp gidýär. Mugallym diňe bir bilim berýän ynsan däl, eýsem ýakyn maslahatçy, dogry ýola ugrukdyrýan, maksatlaryň amala aşmagyna doldaw berýän adam. Şeýle mugallymlaryň biri hakynda Tejen sebitlerinde mekdepde okanlaryň köpüsinden eşitmek maňa miýesser edipdi. “Meni Dowly mugallym okadypdy” diýip, geçen asyryň soňky çärýek uçurlarynda onuň bilim berýän mekdebinde okanlar süýjüdip gürrüň bermäge başlaýarlar. Soň gyzyklanyp görsem, Dowly mugallym 1929-njy ýylda Bäherden etrabynyñ Sünçe obasynda dünýä inip, maşgalasy bilen Tejen sebitlerine olar göçüp gaýdypdyrlar. “Tejeniň suwy özüne çekendir-dä” diýip onuň özi bu barada gürrüň berýär eken.
Häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili edebiýaty bölüminde bilim alyp, geçen asyryň ellinji ýyllarynda mugallymçylyk kärinde işe başlapdyr. Şol ýyllardan hem onuň terbiýe we ylym-bilim hakyndaky makalalary ýerli we merkezi neşirlerde yzygiderli çykarylyp başlanýar. Tejribeli mugallymyň ,,Mekdep we maşgala'', ,,Ikisiniňem borjy'', ,,Mekdep durmuşyndan’’, ,,Bilimlilik güçlülikdir'', ,, Gyzykly okuw'' diýen makalalarynda onuň terbiýeçilik işi barasyndakly raýatlyk garaýyşlary aýratyn öňe çykdy. Onuň her sözünden okuwçylarynyň durmuşyny we geljegini öz zähmetinde görýändigi duýulýar. ,,Çyn dostluk’’atly makalasynda ,,Dost kyn günüňde bellidir’’ diýen nakyl bilen ugurdaş many beýan edilip, onda birek-birege kömek bermek, sylag-hormatlylyk, agzybirlik ýaly birnäçe gowy häsiýetler ündelýär. Mugallym birnäçe makalalary bilen öňki neşir edilen ,,Oba durmuşy'' etrap gazetinde, ,,Mydam taýýar'', ,,Mugallymlar'' gazetlerinde geçen asyryň altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarynda öz makalaalry bilen yzygiderli çykyş edipdir. Ol Tejen şäherindäki Garaja Burunow adyndaky 2-nji orta mekdepde ýarym asyrdan hem köp wagtlap türkmen dili we edebiýaty mugallymy, edep mugallymy, mekdep müdiriniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça mugallymy bolup işläpdir. Dowly mugallymyň şu aýdany bolsa, aýratyn ünsüňi özüne çekýär. Dowly aga täze eginbaş edinen çagany çalaja çümmükläp goýbermek edähetini hem olary pespäl bolmagy ündemek hökmünde düşündiripdir. Täze eginbaş edinip, birden özüne göwnüýetijilik döräýmesin diýip, ýatlatma hökmünde oýundan çümmüklenip goýberilipdir.
Watanyny jan-tenden söýýän nesilleriň ýetişip kemala gelmegi jemgyýetiň her bir agzasy üçin hem möhüm wezipedir. Şol wezipäni ýüregi bilen yhlalsy berjaý edýän adamlar iliň içinde ýagşylygyň ýaýylmagyna, göreldäniň alnyp göterilmegine sebäp bolýarlar. Dowly Ilhanow hem şeýle mugallymlaryň biri hökmünde işdeşleriniň, ondan bilim we terbiýe alan nesilleriň hakydasynda galdy. Onuň hakynda ýatlamalar ile ýaýylyp, göreldäniň ýene bir nusgasy özüne ömür edinýär. Onda-da, manyly, synmajak ömür...
Aýjemal SOLTOWOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeniýeti öwreniş” hünäriniň talyby.
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.