Ýaşlary täze ýeňişlere ruhlandyrýan eser

10-01-24

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde bütin halkymyza sowgat eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljegi hasaplanýan ýaş nesle uly ynam bildirip, olaryň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredýär. Watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda netijeli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler aýdyň beýan edilýär. Ýaşlar bu gün döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň şaýady bolup, olara işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Bu ugurda olar öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başarýarlar.

Ýokary hünärli, täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we zerur hünär bilimi bolan hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir. Türkmenistanda bu ugruň ösdürilmegine ýakyndan goldaw berilýär, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, olaryň gerimini giňeltmek üçin mümkinçilikler döredilýär, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.

Özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, häzirki wagtda ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususy ulgamda yhlasly zähmet çekýärler, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň döwletiň ykdysady ösüşinde hem aýratyn orun tutýandygyny görkezýär.

Kitap ynsanyň teşne ruhuny gandyryp, ony kämillige gönükdirýär. Ajaýyp eserler awtorlarynyň pähim-paýhasyny, durmuş tejribesini, parasatly pikirlerini özünde jemläp, olary asyrlarboýy ýaşadýar. Şoňa görä-de, gadyr-gymmatyny bilýän ynsan üçin kitap iň gowy dostdur. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi hem türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu çeper-dokumental kitaby Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň waspnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý many-mazmunly ilkinji kitaby watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Kitapda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda ýaş nesiller, şol sanda çagalar hakynda edilýän tagallalar giňden açylyp görkezilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladalarynyň netijesinde, eziz Diýarymyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak, olaryň sagdyn jemgyýete goşulmagyny gazanmak ugrunda ynsanperwer işler durmuşa geçirilýär. Kitapda ýurdumyzda çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiziň ýaş raýatyny uly üns-alada bilen gurşap alýandygy bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen sözleri ýaş nesilleri belent sepgitlere çagyrýar.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby okap oturyşyňa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna üns çekip, Ýaşlar guramamyzyň ýaş alymlary höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerine uly baha bermegi buýsançly duýgulary kalbyňa doldurýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny, ynsanperwer syýasatyny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň galamy ýiti, halkymyza sowgat eden ajaýyp eseriniň yzy gür bolsun!

Hojanar HOJANAROW,
T
ürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.