Sözüň ussady – Magtymguly Pyragy
11-01-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip bellemek bilen, dana şahyrymyzyň döredijiliginiň uç-gyraksyz ummandygyny we onuň çuňňur öwrenilýändigini nygtaýar.
Magtymguly Pyragy — özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir.
«Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma»
diýmek bilen, dana şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikdigini nygtaýar. Umuman, şahyryň şygyrlarynda watançylyk, ahlaklylyk, ygrarlylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, söýgi, sabyrlylyk, zähmetsöýerlik, edeplilik we beýleki mowzuklar öz beýanyny tapýar.
Beýik akyldarymyzyň: «Berkarar döwlet istärin» diýen göwün islegi bu günki gün wysalyna gowuşdy. Bize hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşret-hözirini görmek bagty miýesser etdi. Biz baky bagtyýarlygyň hem-de berkararlygyň gujagynda ýaşaýarys.
Hut şu jähtden ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň birine öwrüldi. Munuň özi ýaşlaryň terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ajaýyp döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni gymmatlyklarymyzy ösdürmäge giň ýol açyp berdi. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olary durmuşa taýýarlamakda Magtymguly atamyzyň her bir sözi ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar.
Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky hemişe beýik akyldara we onuň baý edebi mirasyna uly sarpa goýupdyr. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa, şahyryň şygyrlarynyň halkyň hakydasynda hemişelik orun alandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen edebiýat meýdanynda öçmejek yz galdyran, türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüne çekijidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Magtymguly akyldar halkymyzyň akyl-paýhasa bolan yhlasly ymtylmasyny beýik derejä göterdi» diýip belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren watançylyk, mertlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ahlaklylyk ýaly dürli meseleler bilen bagly garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak bilen baglanyşykly tutumly işler amala aşyrylýar. Şahyryň umumadamzat ruhy-medeni hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň ençemesinde okalýar. Bu ajaýyp şygyr bossanlary iňlis, rus, ukrain, nemes, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, fransuz, ýapon, hytaý, türk we beýleki birnäçe dillerde çap edildi. Dünýä belli Gündogary öwreniji alymlar we akyldarlar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp, gymmatly maglumatlary topladylar hem-de birnäçe ylmy işleri çap etdiler.
Gündogaryň beýik şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmek baradaky hoş habar Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça işleriň mundan beýläk-de yzygiderli alnyp baryljakdygyny görkezdi. 2024-nji ýylda geçiriljek bu şanly senä mynasyp taýýarlyk görmek maksady bilen türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet-portalyny, şeýle hem häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» döretmek, sanly we neşir görnüşindäki «Magtymguly Pyragy diwanyny» taýýarlamak, türkmen şahyrynyň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek hem-de olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak boýunça birnäçe işleriň meýilleşdirilmegi dana şahyrymyzyň edebi mirasynyň dünýä derejesinde öwrenilmeginiň üstünlikli dowam etdiriljekdiginden habar berýär. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Nesip bolsa, üstümizdäki ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan bellenilip geçiler. Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň dikeldilmegi, giň gerimli baýramçylyk dabaralarynyň meýilleşdirilmegi hem ýurdumyzda çeper söz ussadyna goýulýan sylag-sarpanyň ýokary derejededigini görkezýär.
Goý, milli mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Annajahan GURBANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Logistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.