Emeli aň barada
21-04-23

“Emeli aň” düşünjesi bu günki gün biziň durmuşymyza düýpli ornaşdy. Emeli aň – bu adam aňynyňky ýaly bir ýa-da birnäçe ukyby bolan sanly ulgamyň ýerine ýetirýän hyzmaty bolup biler. Emeli aň - gysgaça adamyň beýnisini we pikirleniş ulgamyny göçürmek hökmünde kesgitlenip bilner. Kesgitlemäni has-da ýönekeýleşdirsek, emeli aň – bu kompýuter programmasynyň adamyňky ýaly pikirlenme ukybynyň bolmagydyr.
Häzirki wagtda aýdylýan “Emeli intellekt”, “Senagat 4.0”, “Zatlaryň internedi”, “Kiber-fiziki ulgamlar” we “Hyzmatlaryň internedi” ýaly adalgalar durmuşyň hemme tarapyna öz täsirini ýetirýär. Bütindünýä ykdysady forumynyň başlygy Klaus Şwab dördünji senagat özgertmeleriniň merkezinde emeli aňyň boljakdygyny öňe sürýär.
Emeli aň häzirki döwürde ykdysadyýetde hem möhüm orny eýeläp başlady. “PricewaterhouseCoopers” (PwC) kompaniýasy öz geçiren gözlegleriniň netijesinde 2030-njy ýyla çenli dünýä ykdysadyýetinde emeli aňyň ähmiýetiniň artjakdygyny mälim etdi. Gözlegleriň netijelerine görä, PwC kompaniýasy emeli aňyň global jemi içerki önümi takmynan 14%, başgaça aýdylanda, takmynan 15,7 trillion ABŞ dollary möçberinde ýokarlandyrjakdygyny öňe sürýär. Ykdysadyýeti ösen 12 sany döwlet boýunça “Accenture” kompaniýasy tarapyndan 2016-njy ýylda geçirilen gözleg işleriň netijesine görä, emeli aňyň 2035-nji ýyla çenli global ykdysady ösüş depginini iki esse artdyryp biljekdigi çaklanylýar.
Emeli aňdan iň uly ykdysady peýdany Hytaýyň (2030-njy ýylda jemi içerki önümiň 26% ýokarlanmagy) we Demirgazyk Amerikanyň (2030-njy ýylda jemi içerki önümiň 14,5% ýokarlanmagy) almagyna garaşylýar. Şeýlelikde, iki ýurdyň JIÖ-niň ösüşi global ykdysadyýetdäki ösüşe 10,7 trillion ABŞ dollary möçberinde, başgaça aýdylanda onuň 70% ösmegine goşant goşar.
Işewürler emeli aň esasly tehnologiýalary ulanmagyň geljekde üstünlik gazanmak üçin möhüm şert boljakdygyny belleýärler. Şeýle hem, emeli aňyň ulanylmagy bäsdeşlige ukyplylygy artdyrar diýlip hasaplanýar. Emeli aňdan peýdalanýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary öndürijiligiň artmagy bilen öz girdejilerini ýokarlandyrmagy üpjün edýärler. Bu netijeler işewürlik dünýäsiniň emeli aň tehnologiýasynyň ähmiýetine düşünmeginiň görkezijisi hökmünde kabul edilip bilner. “Senagat 4.0” diýlip atlandyrylýan we önümçilikde adam zähmetini azaldyp, arzan iş güýji ulanýan kärhanalaryň fiziki dünýä bilen wirtual gurşawy datçikler hem-de internet arkaly birleşdirýän kiber-fiziki ulgamlarynda emeli aňyň möhüm orny bardyr. Bu ulgamlarda üpjünçilik zynjyryndan önümçilige, hat-da müşderiniň önümçilikden soňky sarp ediş döwrüne çenli bolan proseslere gözegçilik etmek hem mümkindir.
"Emeli aň” düşünjesiniň özi hakynda gürrüň edeliň . ”Emeli “ sözüniň manysy gelip çykyşy boýunça tebigy däl zady,ýagny, adamyň öz eli bilen döreden zatlaryny aňladýar. “Aň” sözüni ýönekeý usul bilen düşündirmek kyn .Sözlüklerde onuň manysy dürli görnüşde aňladylýar,meselem: “aň”- karar kabul edip bilmek ukyby , düşünmek ukyby ýaly düşündirişlerden başga-da “bilmek, göz ýetirmek, deňeşdirmek ýa-da toplanan tejribeleriň netijesinde täze ýagdaýlara uýgunlaşmak “ ýaly manylarda hem gelýär.Ylmy taýdan ,,emeli aň “ düşünjesi ilkinji gezek 1956-njy ýylda Stenford uniwersitetinde geçirilen ylmy maslahatda iňlisçe ,,artificial intelligence”(AI) görnüşde giň ylym köpçüligine ýetirilipdir we şondan soňra bu barada alymlar uly gyzyklanma bildirip başlapdyrlar .
Emeli aň programmalary daşary söwda pudagynda hem birnäçe artykmaçlyklary berýär. Emeli aň programmalary önüm öndürmekden başlap, gümrük amallaryna çenli ep-esli artykmaçlyklary döredýär. Onuň çykdajylary we wagt ýitgisini azaltmakdan başga-da berýän peýdasy köpdür.
Taýýarlan Yhlas AŞYROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.