ÝAŞLARA GYMMATY EGSILMEJEK SERPAÝ

19-01-24

Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi il-ulsumyzyň göwnüni galkyndyryp, kalbyny buýsanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseri Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaýdyr. Ýaşlygyň belent hyjuwy, ajaýyp netijeleri bilen jemlenen üstünlikli ýylymyz gezegini joşguny egsilmejek “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly kelamyndan gözbaş alan bu ýylymyzyň ady her bir türkmen raýaty üçin üýtgeşik gymmatlydyr.

Biz bu ýyly ruhubelentlik, buýsanç bilen garşyladyk. Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda elimize gymmatly sowgat bolup gowşan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny ýüzümize syldyk. Kitabyň ýaşlaryň mertebeliligi, nesle bolan ynam, buýsanç hakyndaky ýazgylary, esasan-da, ýaşlaryň täze döwrümizde gazanan sepgitlerine buýsançnamasy kalbyňa täsir edýär. Ýaşlar bilen birlikde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ruhlandyryjy sözi Gahryman Arkadagymyzyň ynsan ömri hakyndaky taglymatynyň dowamatydyr. Bu taglymat ýaşamaga, döretmäge güýç-kuwwat berýär.

Berkarar Watanymyzyň daýanjyna, beýik geljegimiziň gurujylaryna deňelýän ýaş nesil Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanyp, ähli ulgamlarda gazanylýan bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda merdana ýaşlarymyz, olaryň öňünde durýan möhüm wezipeler hakynda täsirli söhbet açylýar. Bu eser tamamlanyp barýan ýylda özlerine bildirilen belent ynamy birkemsiz ödän ýaşlary geljekde has-da uly sepgitlere ýetirmäge çagyrýar. Ýokary hilli neşir edilişi we döwrebap bezegi bilen tapawutlanýan täze kitap ähli watandaşlarymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin beýik işlere ruhlandyrýan gollanma bolar.

Kitap hakynda söhbet edilende, onuň manysyna, mazmunyna üns çekilýär. Elimiz täze kitaply beýik Pyragynyň ady bilen baglanyşykly ýyla gadam basdyk. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusyndan ugur alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz ýürekleri buýsandyrýar. Magtymguly Pyragynyň ady, nakyla öwrülen şygyr setirleri üç asyryň dowamynda türkmeniň gündelik durmuşynyň hemdemi, adamlaryň ruhy söýegi, akyl hazynasy bolup ýaşady. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň şanly senesi bütindünýä baýramyna öwrüldi. ÝUNESKO-nyň 2024 - 2025-nji ýyllarda şanly seneleriniň sanawynda orun alan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy tutuş Zemin içre ýaň salar.

Magtymguly Pyragynyň sözleri bilen dünýä halklary türkmeniň dünýäsini, täsin gözýetimini tanar. Bu ajaýyp başlangyçlaryň sakasynda hormatly Prezidentimiziň hoşmeýilli medeni syýasaty durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça 2024-nji ýylda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Toplumlaýyn maksatnamalar, anyk çäreleriň meýilnamalary we tertibi şanly ýylyň seneleriniň ählihalk şatlygyna, dabaraly toýa öwrüljekdigine doly güwä geçýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji mübärek eseri bilimli ýaşlara, eziz Watanymyza bolan buýsançdan söz açýar. Munuň özi nusgalyk kitabyň ýol-ýörelgediginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle ajaýyp eserleri peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Maral SEÝITNIÝAZOWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.