“ÝAŞYL DOSTLARYMYZYŇ” WASPY
25-01-24

Eziz Diýarymyzyň görenleri haýrana, görmedigi armanda goýýan al-ýaşyl öwüsýän sähralary, baý ösümlik dünýäsi, mahlasy, türkmen tebigatynyň ajaýyp keşbi uzak asyrlardan bäri döredijilik ynsanlarynyň ylham çeşmesi bolup gelýär. Olar özleriniň şirinden-şirin şygyrlary, ajaýyp sazlary, owadan aýdymlary bilen gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny wasp edýärler.
Her bir halkyň dili we edebiýaty şol halkyň taryhyny, medeniýetini öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Türkmen edebiýatynda hem halkymyzyň taryhyny we medeniýetini öwrenmekde gymmatly maglumatlar saklanýar. Ösümlikler hem türkmen halkynyň durmuşynda gadymdan bäri özleriniň dürli häsiýetleri bilen aýrylmaz orun eýeläp gelýär. Muny biz edebi çeşmelerimizdäki obrazly aňlatmalarymyzda hem görüp bilýäris. “Bir elde iki garpyz tutdurmaz”, “Serçeden gorkan dary ekmez”, “Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar”, “Göwün-göwünden suw içer, gamyş bogundan”, “Adam eli gyzyl gül” ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözlerinde, matallardyr tapmaçalarda, rowaýatlarda, tymsallarda getirilýän ösümlik atlaryndan hem ösümlikleriň edebiýatda obrazly aňlatmalary emele getirmekde ulanylandygyny görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynda hem ösümliklere häsiýetnama berende “Gök kürteli gelin ýaly arçasy”, “Edil ýowşan ýaly ajy”, “Andyzlynyň aty ölmez” ýaly birnäçe aýtgylardan atalar sözleridir nakyllar getirilýär. Nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde, ýazyjy şahyrlarymyzyň eserlerinde hem ösümlik atlary işjeň ulanylýar.
Türkmen edebiýatynyň göwher täji bolan Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi özüniň köptaraplylygy bilen indi uzak döwürlerden bäri ylmy gözlegleriň baş meselesi bolup gelýär. Alymlar dürli ugurlara degişli işlerinde akyldar şahyryň eserlerine yzygiderli salgylanyp gelýärler. Gahryman Arkadagymyz özüniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eserinde hem şahyryň şygyrlaryna birnäçe gezek ýüzlenýär. Has dogrusy, alym Arkadagymyz eseriň birinji kitabynda hozuň tebigy we dermanlyk häsiýetine düşündiriş berende Magtymgulynyň setirlerine salgylanýar: “Ýapragy, gabygy we miweýany matalary, ýüňleri, halylary, şeýle hem saçy boýamakda peýdalanylýar. Munuň şeýledigini Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerindäki:
Hozuň daş gabygy, gülälek suwy,
Garyp saça çalsaň gara reň bolar
- diýen jümleleri subut edýär. Şu aýdylanlardan çen tutsak, türkmen halky hoz agajyny öz durmuşynda irki zamanlardan bäri haýyrlanyp gelýär ” .
Taryhyň dürli döwürlerinde ýazuwly edebiýatda söz ussatlary öz döredijiliginde ösümlik atlaryny işjeň ulanypdyrlar. Biz muňa nusgawy şahyrlarymyzyň goşgulayna ýüzlenenimizde hem göz ýetirýäris.
Mätaji şahyr öz döredijiliginde:
Ýap boýunda biten tallar,
Al ýaňakdan damar balar
- diýen setirlerinde Tal agajynyň adyny ulanypdyr. Kemine şahyr bolsa
Serwi daragt üstünde bilbiller saýraşanda,
Periler baga girip, gözeller oýnaşanda
- diýen setirlerinde Serwi agajynyň adyny öz şygrynda ulanypdyr. Bu goşgy setirleriniň ikisi-de özboluşly many aňlatmasy bolup, şygryň şowly çykmagyna itergi beripdir.
XX asyr türkmen edebiýatynda hem söz ussatlarynyň ösümlik atlaryny öz döredijiliginde ýygy-ýygydn peýdalanandygyny görýäris. Olardan Ata Salyhyň basnýalarynda, Kerim Gurbannepesowyň, G. Ezizowyň, H. Kulyýewiň döredijiligine ýüzlenip görenimizde hem göz ýetirip bileris. Ata Salyhyň “Kädiniň gülküsi” basnýasynda çynar agajynyň we kädiniň allegorik obraz hökmünde öwünjeň we agras adamlaryň häsiýetlerini aňlatmakda ulanylmagy, K. Gurbannepesowyň birnäçe goşgularynda nar, alma, toraňňy ýaly birnäçe ösümlik atlarynyň getirilmegi hem aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. G. Ezizowyň döredijiliginde hem ösümlikleriň öz atlary bilen bir hatarda agaç, bag, miwe ýaly ösmülikler bilen bagly birnäçe düşünjeler getirilýär.
Türkmen edebiýatynyň köp öwüşginliligi, çeperçiligi barada söz açylanda söz ussatlarynyň ösümlikler we olaryň dürli häsiýetleri bilen bagly düşünjeleri giňden ulanandyklary barada belläp geçen maglumatlarymyz edebiýatda ýene-de sanardan kän.
Edebiýatymyzy, dilimizi, medeniýetimizi giňişleýin öwrenmäge we ösdürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Biz ýaşlaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişjekdigimizze ynandyrýarys.
Gülharman JORAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.