SANLY BILIM — ÖSÜŞIŇ ESASY ŞERTI
25-04-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýakyn geljekde sanly ykdysadyýete geçmekde, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.
Berkarar döwletimiziň ösüş strategiýasy erkinligimize we döredijiligimiziň baýlaşmagyna getirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biz ösüp gelýän ýaş nesle uly ynam bildirýäris! Biz hemişe ýurdumyzda eziz Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyga, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine we bedenterbiýä söýgini döretmelidiris! Biziň çagalarymyz, agtyk-çowluklarymyz ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir. Özünde ajaýyp sypatlary jemleýän adamy terbiýelemek diňe bir örän möhüm maksat däl-de, eýsem eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün edýän zerur şertleriň hem biridir!» diýmek bilen, döwrebap nesli kemala getirmegiň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji ähmiýetiniň bardygyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Munuň özi biziň döwletimizde ýaşlar meselesine juda jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň bilim babatda kuwwatyny artdyrmak we onuň mümkinçiliklerini ähli ugurlarda we ulgamlarda häzirki zaman sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk derejede alyp barmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaly möhüm resminamalar bar. Bular, öz gezeginde sanly ykdysadyýet bilen sanly bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy arkaly ulgamyň mümkinçiligi has-da ýokarlandy. Okadylýan dersler boýunça berilýän maglumatlar ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça dünýä tejribesi, öňdebaryjy usullar bilen yzygiderli esasda baýlaşdyrylýar. Munuň özi okatmagyň innowasion usullaryny giňden peýdalanmaga we öwredilýän maglumatlar bilen umumy netijeliligi artdyrmaga, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga täze şertleri döredýär. Sanly tehnologiýalaryň esasynda kämilleşýän bilim ulgamynda hünärlere ýöriteleşdirilen, döwrebap okuw otaglarynyň, tejribehanalaryň, lingafon otaglarynyň hem-de beýleki mümkinçilikleriň bolmagy aýratyn ukyp we başarnyga eýe bolan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge uly goşant bolup hyzmat eder.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynda halkara hyzmatdaşlygynada uly orun degişlidir. Bilim ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde täze taslamalary durmuşa geçirmäge itergi berýär. Şol sanda okatmagyň we bilim bermegiň häzirki zaman usullary babatda tejribe alyşmaga ýardam berýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň hyzmatdaş döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinden kärdeşleri bilen maglumat we tejribe alyş çalşygyny guramagyň özide täze başlangyçlara gadam goýulýandygyny subut edýär. Bilelikde uzak aralykdan guralýan okuwlar, ylmy-amaly, ylmy-usuly maslahatlar bu aýdylanlara mysal bolup biler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek we durmuşymyza giňden ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.