Magtymguly Pyragyň eserleri – düýpsüz umman
13-02-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeni syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde, dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmek işleri hem üstünlikli dowam edýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bu günki gün dünýä halklarynyň gyzyklanmalaryna hem eýe bolýar.
Akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň üstünden üç asyra golaý wagt geçenem bolsa, bu günki günde hem özüniň gadyr-gymmatyny ýitirenok. Şahyryň goşgulary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň gymmatly hazynasynda mynasyp orun tutýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dürli öwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Beýik söz ussady öz şygyrlarynda durmuşyň ähli taraplaryny çeper sözüň üsti bilen beýan edipdir. Ol özünden öňki akyldarlaryň döredijiligini, halkyň arasyndaky rowaýatlary öwrenip, olary şygryň üsti bilen ussatlarça beýan edipdir. Akyldaryň şygyrlarynda durmuşyň ähli taraplary öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň döredijiligi düýpsüz ummana meňzäp, her bir ynsana ruhy ganatdyr.
Üstünliklere, taryhy wakalara beslenen ýene bir ýyly yzda galdyryp, 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylan halkymyz ilkinji günlerden başlap, buýsandyryjy wakalaryň şaýady boldular. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler Watanymyzyň şan-şöhradyny has-da belende göterýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýyla gadam basylmagynyň öň ýanynda halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň garşylan şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden ýaýbaňlandyrylmagy toý-baýramyň şatlyk-şowhunyny artdyrdy.
2024-nji ýyl Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biridir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda şeýle diýilýär: «Mähriban Watanymyza buýsanjymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip at berdik. Gahryman Arkadagymyzyň öz şygrynda belleýşi ýaly, biziň her birimiz üçin akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummanydyr». Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, bu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ildeşlerimiz üçin has-da guwandyryjy boldy.
Adamzadyň kalbynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyzyň döredijiligi gymmatly mirasdyr, ruhy hazynadyr. Çünki akyldaryň adamlary ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ruhlandyrýan ajaýyp eserleri diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin gymmatlydyr. 2023-nji ýylda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna goşulmagy, bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly çözgüdiň kabul edilip, onuň düzümine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň hem girizilmegi söz ussadynyň dünýäde belent sarpasynyň has-da ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şu ýerde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilendigini hem bellemek gerek.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri diňe türkmen halky üçin däl, eýsem ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, şahyryň melhem şygyrlary, tenekar sözleri her döwürde ulynyň-kiçiniň ruhuny tämizläp, bu owadan dünýä, adamzada, durmuşa söýgi döredipdir, halkyň göwnüni belende galdyryp, tutuş türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyny üpjün edip gelipdir. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge döwletimiz tarapyndan uly taýýarlyk görülýär. Bu toý türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda, berkarar döwletde ýaşamak bilen, şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýen parasatly sözleri şahyryň hormat-sarpasyny görkezýär.
Goý, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän, akyldarlarymyza bimöçber hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Arslan DÖWLETJANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Logistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.