SANLY BILIM ULGAMY – DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ GÖZBAŞY
14-02-24

Berkarar döwletíň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öne barýar. Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda: «Mekdep okuwçylarymyz we talyp ýaşlarymyz abraýly halkara bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin berk binýadyň döredilýändigini aýdyň görkezýär» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze gurulýan umumybilim berýän we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda ylmyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagyna şertleriň döredilmegi, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň girizilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda degişli döwrüň dowamynda bilimlere, innowasiýalara we ösen jemgyýete daýanýan, ykdysady, durmuş hem-de ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň ýan pudaklaýyn ösüşini dowam etdirmek bilim bellenildi. Bu maksatlara ýetmekde ylym-bilim ulgamynda özgertmeleri durmuşa geçirmek, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden başlap çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek ýaly wezipeler kesgitlenildi. Öňde goýlan wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilmegi dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda, sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen bagly tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda hem degişli işler alnyp barylýar. Institutda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Okuwa maglumat aragatnaşyk tehnologiýasyny, daş aralykdan tehnologiýanyň kömegi arkaly bilim bermegi ornaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Institutda bitewi maglumat tory döredildi. Şoňa laýyklykda, «TITUKI» atly sanly bilim portaly hereket edýär. Ol yzygiderli video we audio ýazgylar bilen baýlaşdyrylýar. Portalyň kömegi arkaly mugallym bilen talybyň arasynda dürli ýumuşlary geçirmek mümkinçiligi döredildi. Institutyň portaly birnäçe bölümden ybarat bolup, (hereket edýän fakultetler, kafedralar), gurnaklar, sport toplumy, kitaphana olaryň esasyny düzýär.
Häzirki wagtda maglumat tehnologiýalary örän çalt depginler bilen ösýär. Bu günki gün ýaşaýşymyzy öýjükli aragatnaşyksyz, planşetsiz, kompýutersiz göz öňüne getirmek kyn. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasiýa ösüşine laýyklykda, edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda san bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirme Meýilnamasy tassyklandy.
Sanly bilim ulgamy dine bir bilim bermek işinde ulanylman, eýsem oňa gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn ösmegine hem täsir edýär. Birinjiden, bu ulgamdan kämil baş çykarmak üçin häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny bilmek zerur bolup durýar. Ikinjiden, daş aralykdan bilim almak arkaly öz-özüne gözegçilik etmek endigine eýe bolmak, şeýle hem bu ulgamyň esasy gurallarynyň biri bolan elektron okuw arkaly, ähli dersler boýunça taýýarlanylan döwrebap - okuw-usuly toplumlaryndan peýdalanyp, ykdysadyýet, hukuk, syýasat we beýleki dersler boýunça bilim almak mümkinçiligini açýar. Mundan başga-da, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini hem-de olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Häzirki döwrüň okuw serişdeleri bilen üpjünçilik we olary ulanmak baradaky täzelikleriň hatarynda okuw kitaplarydyr beýleki okuw-usuly serişdeleriniň elektron göterijide taýýarlanýandygyny, ýagny ýokary bilim ojaklarynda sanly ulgam üçin döredilen bilim portallarynda okuw maglumatlaryny özünde jemleýän zerur serişdeleriň ýerleşdirilýändigini aýratyn nygtamak bolar.
Türkmenistanyň bilim ulgamynda toplanylan baý tejribe onuň ösüşindäki batly gadamlaryny görkezmek bilen, bu ugurdaky indiki ädimleriň has-da ilerlemeginde, ýaşlara berilýän bilimiň we terbiyäniň döwrebap ösýän jemgyýetimiziň ähli talaplaryna doly laýyk getirilmeginde täze wezipeleri önde goýýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri geljekki ösüşleriň berk binýady boljak ylymly-bilimli, zähmetsöýer, durmuşa hemmetaraplaýyn ukyply, Watana wepaly ýaş nesliň kemala gelmegini kepillendirýär. Umuman, Türkmenistanda bilim ulgamynda gazanylýan oňyn netijeler ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategiýasyny kesgitlemäge we bu babatda uzakmöhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmäge giň ýollary açýar.
Resul ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Begenç DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň öwrenji mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.