MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY
14-02-24
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär.
Ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr.
Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk, öwüt- nesihat, söýgi, terbiýeçilik halkylyk, agzybirliik-jebislik, edep-ekram, ýagşy gylyk-häsiýet ýaly tenalara uly orun berilýär. Şahyryň ,,Çilim”, ,,Çilimkeş”, ,,Nas atan”, ,,Naskeş” ýaly goşgulary durşuna nesihat. Nesil hakdaky aladanyň biziň halkymyzda näderejede parz görülýändigini biljek bolsaň, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýazan öwüt-ündew goşgularyny okamak ýeterliklidir. Häzirki zaman ylmy tarapyndan hödürlenýän, maslahat berilýän nesil terbiýesi Magtymguly Pyragynyň goşgularynda örän düşnükli, sada dilde beýan edilendir. Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň çyragydyr. Çyrag diýilmegi onuň şygyrlarynyň ýolumyza nur çaýýandygy bilen baglanşyklydyr.
Goý, bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni Pyragynyň şygyrlary ýaly owadan hem manyly bolsun.Nusgawy edebiýatyň ynsan aňyna, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesliň aňyna örän netijeli täsir edýändigine şübhelenýän megerem ýok bolsa gerek. Mysal üçin, şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary eriş-argaç bolup geçýär. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde iň bir görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly Türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr”.Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.
“Magtymguly, garyp göwnün baý edip,
Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan aý edip,
Aýyn gözlär, özge aýa seretmez”
diýen setirleriniň üsti bilen göwnüň, ruhuň baý bolmagyny, sabyr-kanagaty özüňe ýaran edinmelidigini, söýgüňe wepaly bolmalydygyny öwredýär.
Öz bilim alan ýeriňe sylag-hormat goýmagyň görelde mekdebi bolup durýan setirleri bolsa ýaşlarda ylyma-bilime, okaýan mekdebine, gatnaýan kitaphanasyna sarpa goýmagy ündeýär:
“Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Gider boldum, hos gal, gözel Şirgazy!”
diýmek bilen, nusgawy şahyrymyz “mekan eýläp, üç ýyl duzuny iýen”, okap bilim alan ýerine özüniň hormatyny, sylag-sarpasyny parasatly setirleriniň üsti bilen mälim edýär.
Ýaşlarr goşgy setirlerini sesli, labyzly okamak bilen, okan goşgy setirleriniň mynysyna düşünmeklige, hem-de ony mugallymlaryna, ene-atalaryna, ýa-da bolmasa biri-birlerine gürrüň bermeklige synanyşýarlar. Nusgawy şahyrlaryň eserlerini okamaklyk has aýdyň ýagdaýda bolup geçýär. Çünki nusgawy şahyrlarymyz göräýmäge ýönekeý bolup görünýän setirleriň üsti bilen çuňňur many-mazmuny açyp görkezmegi, “gysga, emma şerhi köp” sözleriň üsti bilen umman ýaly giň, daglar ýaly belent paýhas-pikirleri beýan etmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Bu eserleri okap çagalar özleriniň söz baýlyklaryny hem artdyrýandyklaryny, düşünmedik sözlerini sözlüklerden gözläp tapýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa olaryň kitaphanadan, maglumat çeşmelerinden özbaşdak peýdalanmak, özbaşdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” diýip şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.
Timur ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň Harby tehnikalar we awtotaýýarlygy kafedrasynyň uly mugallymy, maýor.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.