Magtymguly Pyragy — adamzat kalbynyň şahyry
15-02-24
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
— Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan ýylymyzyň dana Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda ähmiýeti uludyr. Akyldar şahyryň döredijiligi diňe türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň çeper gymmatlygydyr, göz guwanjydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik türkmen akyldary, döwrüň paýhas çyragy Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini dünýä wagyz etmek, halkara jemgyýetçiliginde umumadamzat şahyrynyň abraý-mertebesini has belende götermek ugrundaky işler barha giň gerim alýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, zähmet toparlarynyň wekilleriniň hem-de bagtyýar ildeşlerimiziň arzuw-teklipleri wysala gowşup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan taryhy ýylymyzyň ilkinji günlerinden Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli öz Watanymyzda, şeýle hem dünýä giňişliginde ylmy-medeni we beýleki çäreler halkara derejesinde yzygiderli geçirilýär.
Akyldar şahyryň halkymyza, şeýle hem umumadamzat nesline peşgeş goýup giden çeper söz genji-käni häzirki döwürde dünýä edebiýatynyň altyn gaznasynda özüne mynasyp orna eýedir. Ýurdumyzda we bütündünýä ýüzünde akyldar şahyra bolan sylag-hormat uludyr we bütin adamzat jemgyýetçiligi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar hem-de ähli zerur taýýarlyklar görülýär. Şonuň üçinem Magtymgulynyň goşgularyny dürli dillere terjimäniň üsti bilen geçirmek işiniň möhümdigini görkezmek şanly dabara görülýän taýýarlyklara uly goşantdyr.
Garaşsyzlyk alyp galkynan, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, baky bagta sary rowana bolan türkmen halky eşretli durmuşda ýaşap, döredýär, gurýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa, bizi täze has röwşen belentliklere tarap öňe alyp barýar. Bolelin durmuş halkymyzyň ruhy dünýäsine, medeni durmuşyna hem uly täsir etdi. Türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, akyldar ogullarynyň ömür ýollaryny öwrenmek, halka, dünýä ýaýmak babatynda hem uly mümkinçiliklere eýe bolundy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde belentden belleniljek ajaýyp şahyr Magtymguly Pyragy öz nusgawy eserleri bilen ynsan kalbynda ýaşaýar. Onuň köptaraply eserlerinde watançylygam, mertligem, dost-doganlygam, ynsan saglygam, adamlaryň dürli hüý-häsiýetleri, söýgi meselesem... giň orun eýeleýär.
Magtymguly Pyragynyň ylahy ruh bilen kemala gelen eserlerini hem Gündogary öwreniji alymlar Jemşidiň şol jamyna deňeýärler. Çünki, hezreti Magtymgulynyň eserlerinde hem bu gadymy dünýäde bolan-boljak zatlar, halklaryň, külli adamzadyň ykballary, diýseň uly ussatlyk bilen çeper beýan edilipdir. Ol eserlerden islän soragyňa jogap tapmak mümkin. Eger bir ýerde bir çözülmesi kyn mesele ýüze çykaýsa, onda: “Bu mesele hakynda Magtymguly şeýle diýipdir” diýlip aýdylsa, ol meselä derrew nokat goýulýar.
Magtymguly — türkmen ruhuna berlen çuňlukdyr. Beýik şahyryň şygyrlarynda türkmen ruhunyň güýji, türkmen diliniň baýlygy, äheňleriň hem owazlaryň, many öwüşginleriniň hem röwüşleriniň dürlüligi gaýtalanmaz görnüşde ýüze çykýar. Magtymguly Pyragynyň ýazan goşgularynyň her setiri ynsan mertebesini ýokary göterýär. Akyldaryň şygyrlarynyň manysy ýyllar geçdigiçe çuňlaşyp, asyrlar aşdygyça ahlak kadasynyň aýdymyna öwrülip, ýürekleriň törüne ornaşýar. Şahyryň şygyrlarynyň düýp özeni adam mertebesine hormat goýmak, Watany, halky söýmek, halal zähmetiň hözirini görkezýän adalatly jemgyýeti gurmak pikirlerinden gözbaş alýar. Munuň özi şygyrlarda milliligiň kämil nusgasyny aýdyňlaşdyrýar.
Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan uly, ajaýyp we özboluşly goşandydyr. Bu miras diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň ähli halklarynyň çeperçilik gymmatlyklaryny düzýär.Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt- ündewe ýugrulan her bir setiri ýaş nesiller üçin terbiýeçilik mekdebi bolup durýar. Maşgaladaky gyzlaryň öz enelerinden ýagşy görelde, edep-terbiýe öwrenmegi olaryň şahsyýetinde ajaýyp, häsiýetleriň, ahlak gözellikleriniň kemala gelmegine getirýär. Halkymyzyň şeýle ajaýyp, mukaddes terbiýeçilik ýolunyň dowamat-dowam bolmagy türkmen gyzlarynyň daşky hem içki gözelliklerini nusgalyk derejä çykarýar.
Magtymguly atamyzyň döredijiligi ynsan kalbynda uly orun alýar, çünki, çuňňur manyly pikirler durmuş pelsepesini inçelik bilen beýan edýär. Şahyryň öwüt-ündew goşgulary ýaşlaryň ýagşy gylykly, watansöýüji, il-güne wepaly bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Dana şahyrymyzyň akyl-paýhasa eýlenen öwüt-nesihatlary nesil terbiýesinde nusgalyk mekdepdir, gymmatly hazynadyr. Şunda ýagşy gylykly, ýagşy sözli bolmak hem çuňňur beýan edilýär. Bu bolsa ýaşlara oňat täsir edip, kämilligiň aýdyň ýoluny görkezýär.
Akyldar şahyryň beýan edýän pikirlerinde wagyz-nesihatyň ornuny görmek bolýar, çünki, olar öwüt-ündew bilen ynsany ýagşy işlere ugrukdyrýar. Şahyryň ynsany öz goşgulary bilen ruhlandyrmagy, ony dogry ýola gönükdirmegi aýratyn ünsüňi çekýär. Umuman, Magtymgulynyň goşgulary ähli ynsanlar üçin öwüt-ündewdir, ruhy hazynadyr. Ajaýyp döwrümizde ruhy hazynanyň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek we wagyz etmek asylly ýörelgedir.
Nesip bolsa, ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylyk ruhunda beýik türkmen akyldarynyň dabarasyny dünýä doldurjak belent heýkeli şatlyk-şowhuna beslenip açylar. Şondan soň bu ýer dürli döredijilik dabaralarynyň, medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüler.
Kerim NURYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Ulag pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Jeren WELHANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.