Magtymguly Pyragy — döwrüň paýhas çyragy

15-02-24

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmeniň adyny dünýä derejesine göteren danadyr. Beýik akyldaryň şahyrana eserleri bagtyýar geljege ynam döredip, türkmen jemgyýetiniň şu günki we geljekki nesilleriniň ruhy kämilligini üpjün edýär. Şonuň üçin dana şahyryň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün adamzadyň ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, özboluşly durmuş şygaryna öwrüldi.

Il arasynda akyldar, pelsepeçi hökmünde tanalan nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy bu günki gün ülkämizde we tutuş dünýäde giňden bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bu toýuň gerimi giňäp, Magtymguly atamyzyň ýubileý dabaralary 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizildi. Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşi hem 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etdi.

Türkmenleriň hem-de dünýä halklarynyň Magtymguly Pyraga bolan buýsanjy, hormaty çäksizdir. Türkmen halkynda durmuşda her bir meseläniň çözgüdini Magtymguly atamyzyň şygyrlaryndan gözlemek adat bolup galypdyr. Halkymyz şahyryň şygyrlaryna ýüzlenende, öz gözleýän jogabyny tapýar. Akyldar şahyrymyz çuň manyly, pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bize miras galdyrypdyr. Mämmetweli Keminäniň sözleri bilen aýtsak, Magtymguly atamyz edebiýat meýdanynyň oragyny orup giden şahyrdyr.

Asyrlar, heňňamlar özüniň dürli wakalary bilen taryha siňýär. XVIII asyr hem türkmen halkynyň ykbalynda çylşyrymly asyr bolup, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldary dünýä berdi. XVIII asyrda halkyň dagynyklygy, döwrüň çylşyrymlylygy şahyryň şygyrlaryna aralaşypdyr. Magtymguly Pyragy şonuň üçin halky agzybirlige, bir bitewi döwlet bolmaga çagyrypdyr. Onuň her bir şygrynda watansöýüjiligiň kämil nusgalary şöhlelenipdir. Milli şahyrymyzyň «Gürgeniň» atly şygrynda türkmen halkynyň tebigaty, ilatyň ýaşaýşy, onuň gündelik durmuşy, mert ýigitleri, gözel gelin-gyzlary iki tapgyrda, ýagny basgançaklaýyn taryp edilýär. Goşgynyň birinji basgançagynda, tebigatyň keşbi, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy, gün-güzerany suratlandyrylýar. Ikinjisinde bolsa mert, edermen ýigitleriň üsti bilen watansöýüjilik, gahrymançylyk temalary we olaryň awçylyk ukyplary dogrusynda söz açylýar. Olar bitewülikde, joşgunly, türkmen ruhuna ýugrulan «Gürgeniň» goşgusyny emele getirýär. Şahyryň şol şygyrlardaky pikirleri, taglymatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda öz mynasyp beýanyny tapýar. Ony Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde hem aýdyň görmek bolýar. Geçirilýän işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri Magtymguly Pyragynyň döwri, ömri we döredijilik ýoly barada täze taryhy maglumatlary gözlemek üçin daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolýarlar. Alymlar ozal belli bolmadyk we ylmy gymmatlygy bolan çeşmeleri ýüze çykarmak, şeýle hem olaryň ýokary hilli reňkli elektron nusgalaryny almak üçin daşary ýurtlarda muzeý, kitap hem-de golýazma gorlaryny öwrenýärler. Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan öwüt-nesihatlary biri-biri bilen utgaşykly baýlaşýar. Ussat şahyr olary sanap geçmek bilen çäklenmän, eýsem, näme edeniňde netijesiniň nähili boljakdygyny hem nygtap, degerli maslahatlary beripdir, bilenini aýtmazlygy bolsa özüne kemlik bilipdir. Bu nesihatlary durmuşa geçirip, olara wepaly bolmak ýaş nesilleriň borjudyr.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna peşgeş beren «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda Magtymguly atamyzy «Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri» diýip atlandyrýar. Şygryň:

«Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy»

- diýen setirleri her bir okyjyda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşmaga, öwrenmäge uly gyzyklanma döredýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede ýaýbaňlandyrmak hem-de beýik söz ussadynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek boýunça işler barha rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bu günki gün akyldar şahyryň baý edebi mirasyna tutuş dünýäde gyzyklanma artýar. Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Merdangeldi ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň  Ulag pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

 Ýaran AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.