FIZIKA DERSINI OKUWÇYLARA ÖWRETMEGIŇ USULLARY
19-02-24
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow:
- Türkmen halky ýüzýyllyklaryň dowamynda adamzat siwilizasiýasyna uly goşantlary goşup, astronomiýa, geologiýa, fizika, himiýa, geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil ýaly ylymlarynyň esasy ugurlary boýunça belent derejelere ýetendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň anyk kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň aň paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.Bu maksada ýetmek üçin okuw dersleri öwredilende, kompýuter tehnikalaryndan ýerlikli peýdalanmak zerurdyr. Beýleki dersler bilen birlikde fizika sapagynda kompýuterden peýdalanmak okuwçylarda döredijilikli pikirlenişi, bilelikde işlemek endiklerini, akyl ýetirijiligi ösdürýär Bilşimiz ýaly, fizika diýmegiň özi tebigat diýmekdir. Tebigat bolsa biziň daş-töweregimiz gurşap alan ähli zatlardan ybarat bolup durýar.
Fizika we astronomiýa sapaklarynda mesele çözülende tebigat bilen, ýagny, biziň daş-töweregimiz, gündelik gabat gelýän hadysalar bilen baglanyşdyrylyp öwredilse okuwçylarda fizika dersine bolan gyzyklanma, höwes döräp fizika ylmynyň açan her bir kanunynyň adamzadyň durmuşyndaky tutýan orny we ondan nähili peýdalanylýandygyna düşünýärler. Biziň durmuşymyzdaky ýönekeý meseleleriň hem fizika bilen baglydygyna göz
ýetirseler, olar üçin fizika dersi has hem gyzykly bolup görnüp başlar. Mysal üçin, “Tizlenme. Deňtizlenýän hereket. Deň haýallaýan hereket” diýen temalara degişli meseller çözülende Aşgabat – Garagum – Daşoguz otlularynyň hereketi bilen baglanyşykly meselelere seredip geçýärin. Haýsy otly tiz barýar, haýsy haýal, näme üçin, näme sebäpden, şular ýaly soraglara hem jogap tapylýar. Başgada gazlar bilen baglanyşykly meselelerde gyşyna gaz birbada peselip alýar, näme üçin, gazyň basyşy näme üçin peselýär, näçe peselýär, bu soraglara hem gazyň basyşynyň temperatura bilen baglanyşyklydy baradaky formulalar bilen çözüp görkezsek okuwçylaryň ýadynda gowy galýar.
Mundan başgada mesele çözülende meseläniň manysyna düşünip wakany, hadysany göz öňüne getirip çözülse has amatly hem aňsat düşýär. Käbir okuwçylar bolýar meselede iki sany san görse derrew köpeltmek, bölmek bilen bolýarlar, ýa-da formulada ýerine ýalňyş goýýar. Mysal üçin, bir adam 15 minutda 2 km ýol geçen bolsa, ol ýarym sagatda 4 km ýol geçjegi düşnüklidir. Şoňa garamazdan bular ýaly meselede hem ýalňyşlyk goýberýärler. Iki gapdaky gazy bir gaba guýsaň guýulan gabyň basyşy iki esse artjagy belli zat, ýa-da birinji gapdaky gazyň hemmesini däl-de biraz mukdaryny ikinji gaba geçirsek hem gapdaky gazyň basyşy başdaka görä uly boljagyny okuwçy göz öňüne getirip bilse, onda meseläniň jogabyndan hem başdaky basyşdan uly san gözläp başlar we jogaby çalt tapmagy başarar. Öýlerimizde ulanylýan spirally ýyladyjy bozuldy diýeliň, ony bejerenden soň onuň kuwwaty başdaka görä nähili üýtgär, elbetde ulalar. Formulalardan belli bolşy ýaly garşylyk kiçeliberse tok güýji ulalar, tok ulaldygyça-da kuwwatartar. Mesele çözülende dürli usullarda n peýdalanmaklyk okuwçylaryň mesele çözmek ukyplaryny ösdürmäge ýardam
edýär.
Fizika dersinde kompýuter serişdelerinden (modelleşdirmek, kompýuter grafikasy, multimedia) peýdalanyp, tejribe synaglarynyň netijelerini taýýarlamak bolýar. Orta mekdepde fizika sapaklarynda kompýuter modelleriniň dürli görnüşleri ulanylýar. Esasan hem öwrediji programmalary, görkezme programmalary, kompýuter tejribeleri, barlaýjy programmalary, elektron didaktiki maglumatlary sapakda ulanmak bolar. Şeýlede bu programmalar iki ýa-da ondan-da köp programma elementlerini özünde saklap
bilýär.
Kompýuter modeli — kompýuter programma serişdeleri bilen ýerine ýetirilýän modeldir. Kompýuter modeli diýlip, fiziki tejribe-synaglary geçirmäge, meseleleri çözmäge, hadysalaryň bolup geçişini görkezmäge mümkinçilik berýän kompýuter programmalaryna düşünilýär. Fizika dersinden guralýan sapaklarda kompýuter modellerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Munuň üsti bilen okuwçylar öwredilýän maglumatlary doly özleşdirýärler. Maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň iň bir ösýän ugurlarynyň biri hem fiziki hadysalary kompýuterde modelleşdirmekdir. Mugallym kompýuter modellerini ulanyp, öwrenilýän temany täze usullarda täsirli we ýatda galyjy görnüşde okuwçylara ýetirip bilýär. Bu usul bolsa okuwçynyň öwrenilýän derse gyzyklanmasyny artdyrýar, özbaşdak pikirlenmek ukuby kämilleşdirýär.
Häzirki döwürde orta mekdepler üçin fizika dersinde kompýuter modelleri bilen işlenende, internetden giňden peýdalanylýar. Internetdäki türkmen diline terjime edilen interaktiw sapaklaryň ýygyndysyndan matematika, fizika, astronomiýa, geografiýa, himiýa we biologiýa boýunça dürli multimedia maglumatlaryny peýdalanmak mümkin. Kompýuter modelleri bilen işlenende okuwçylary çylşyrymlylygy dürli bolan ýumuşlar bilen üpjün etmek möhümdir.
Işimizde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kämil tehniki serişdelere giňden daýanýarys. Meniň özüm okadýan fizika dersim boýunça internet ulgamynyň üsti bilen elektron okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan ýerlikli peýdalanýaryn. Çuňňur bilim almaga ýardam berýän şeýle peýdaly usullaryň okuwçylara hem elýeterli bolmagyny gazanmak üçin ýadawsyz aladalanýaryn. Bilim ynsanyň aň-düşünjesini ösdürýän bolsa, ylym ony kämilleşdirýär we bu iki güýç bir bitewiligi emele getirýär. Bu bitewilik ynsany belli bir ugra gönükdirýär we geljegine ynamly garamagyny şertlendirýär. Halkymyz taryhda öçmejek yz galdyran eždatlarymyzyň bize miras galdyran däplerine, ylma-bilime sarpa goýýar. Asyrlardanasyrlara geçip gelýän edim-gylymlarda-da, däp-dessurlarda-da halkymyzyň bilimli adamlary hormatlandygyna mysallar näçe diýseň bar. «Bilimli il ozar» diýlen pähime eýerýän hormatly Prezidentimiz hem bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen tutumly işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa bilim işgärleriniň öňünde hem jogapkärli wezipeleri goýýar. Ýurtbaştutanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalaryna jogap edip, biz mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekeris, bildirilen ynamy ödäris.
Kämil ylym-bilimli nesil şu günüň geljege goýup biljek iň gymmatly mirasydyr. Şeýle uly mirasyň galmagyna şärik bolmak bilim işgärleriniň bagtyny goşalandyrýar. Şonuň üçin hem gursagymyzda joşgun, dilimizde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilerli däl. Goý, eziz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nurana geljegimiz üçin alyp barýan belent işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Farida BABAMYRADOWA,
Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň fizika mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.