ÝURDUMYZYŇ ÝAŞLAR SYÝASATY
23-02-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň eşretli günlerinde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär.
Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Diýarymyzda täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şunda ýaş türkmenistanlylaryň milletimiziň baý taryhy-medeni mirasyna bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi.
Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çagalyk döwründe alnan terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginiň we doly derejeli, döredijilikli durmuşynyň pugta binýady bolup durýar. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzda ýaş nesilleriň abadançylygynyň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Häzirki zaman multimedia enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler, sagaldyş we dynç alyş merkezleri ösüp gelýän ýaş nesilleriň ygtyýaryndadyr.
Ýaşlar, olaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy baradaky meselelere, beden, aň-düşünje we döredijilik taýdan ösmek üçin şertleri döretmäge yzygiderli üns berip, Türkmenistan öňdebaryjy tejribelere hem-de dünýäniň döwrebap ösüşlerine laýyk gelmäge ymtylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan, milli kanunçylygyň çäklerinde we halkara ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýändigini bellemek möhümdir. Dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar syýasaty ýurduň ösüşi bilen birlikde, uzak möhletleýin geljekde, umuman, döwletara gatnaşyklaryň hem ösüşini kesgitleýän strategik ugra öwrülýär. Biziň ýaş neslimiziň Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys.
Maral SEÝITNIÝAZOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.