BAŞARJAŇ HÜNÄRMENLER ÝURDUŇ GELJEGIDIR
23-02-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň gerimi has-da giňeýär. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alnyp, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem ýaşlar uly goldawa eýe bolýarlar.
Türkmenistan Watanymyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet gaýnap joşýar. Şolarda zähmet çekýän raýatlaryň aglaba böleginiň ýaşlar bolmagy bizi buýsandyrýar. Bilşimiz ýaly, ýaşlaryň arasyndan kämil hünärmenleri taýýarlamak biziň ýurdumyzda iň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim ojaklarynda talyp ýaşlara hünär öwredilişi ösen tehnologiýalaryň esasynda üstünlikli amala aşyrylyp, okuwlar kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda alnyp barylýar. Talyp ýaşlara hünär öwretmekde täze tehnologiýalara, öňdebaryjy usullara daýanylýar. Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär. Döwrebap ylym-bilim özgertmeleriniň esasynda ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri kämil bilim almak bilen bir hatarda, öz söýýän käriniň hünärmenleri bolmakda hem olar ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Bagtdan paýly döwrüň beýik işleri bu gün her birimizi diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda talyp ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, saýlan hünäriniň eýesi bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Täze taryhy döwürde ýaşlar öz zehinleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Olaryň iň döwrebap tehnologiýalara erk etmekleri, dünýä dillerini bilmekleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem olaryň ukyp-başarnyklary sanly ulgamy ösdürmekde, işleri döwrebap alyp barmakda aýratyn ähmiýetlidir. Ýaşlar ýurdumyzyň ertirini gurujylardyr. Ýaşlaryň golunda Watan baýdagy, ýüreginde Watan söýgüsi, dilinde Watan aýdymy, Watan we ýaşlar bir-biri bilen sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Ýaşlar biziň geljegimizdir, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesidir. Ýylymyzyň buýsançly şygary ýürekleri hyjuwly, gollary gujurly türkmen ýaşlaryna bolan ynamy, olaryň öňündäki mukaddes borjy, belent jogapkärçiligi özünde jemleýär. Sebäbi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdür.
Arkadagly Serdarymyz ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýagny onuň köp pudaklaýyn we önümleýin ösdürilmegine uly üns berýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen, ekologik taýdan arassa gaýtadan işleýän senagat kärhanalary yzygiderli işe girizilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini dürli ugurlarda ösdürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilýär. Dünýäde ylmyň, bilimiň we innowasion tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda, döwür bilen deň gadam urmaga ukyply, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak ýurduň mundan beýläkki gazanjak üstünlikleriniň ygtybarly binýady bolup durýar. Dünýä döwletleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi hem yzygiderli kämilleşýär. Onuň hataryna ýylda ýaş zehinleriň, täzeçil garaýyşly hünärmenleriň ençemesi goşulýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, öňde goýan belent maksatlarynyň gözbaşynda ýaşlaryň bilimli, ylymly ösen jemgyýetini kemala getirmek ýaly döwrüň möhüm meselesi dur.
Häzirki wagtda ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşýän döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alyp, biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda doly derejede kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler nesliniň kemala gelmegi ugrunda başyny başlan beýik işleri öz miwesini berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugurda maksatlaýyn uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle ýagdaý kompýuter tilsimatlary döwrüne gadam basan jemgyýetiň medeni we ruhy galkynyşynyň binýady bolup çykyş edýär.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýar ýaşlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen yhlasly okaýarlar, öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň yzygiderli geçirilmegi, olara ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy biziň her birimizi diýseň guwandyrýar. Biz ýaşlaryň bagtyýar hem-de eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi hem-de döretmegi üçin uly alada edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin!
Maksat ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy Arifa MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.