PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
24-02-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna, edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi. Şeýle hem, bu ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giň gerim bilen bellemäge, uly toý tutmaga taýýarlanylýar. Çünki, bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiliginiň, edebi mirasynyň sarpasyny belentden tutýar.
Ynsan gözelligiň gözleginde. Gözelligi bolsa, görmek, duýmak gerek. Ol ruhy dünýäsini tebigatyň gözellikleri, sungat eserleri bilen baýlaşdyryp durýar. Türkmeniň beýik söz ussatlarynyň döreden ajaýyp eserleri ynsan kalbynyň gözellik çeşmesine öwrüldi. Bütin dünýä ady dolan, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol gözelligiň merjenidir. Bu nusgawy şahyrymyzyň eserleri ynsanlaryň ýüreginiň töründe orun eýeleýär.
Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynda uly orun tutan beýik akyldar şahyrdyr. Çünki Magtymguly hemişe halkyň içinde bolup, onuň durmuşyny, geçmiş taryhyny, folkloryny, edebiýatyny öwrenipdir. Ol zergärçilik hünärini ele alypdyr. Ylma-bilime teşne şahyr Buharanyň, Hywanyň medreselerinde okapdyr. Ol okan döwründe we ondan soň birnäçe ýurtlara syýahat edýär. Orta Aziýanyň köp ýerlerinde, Hindistanda we başga-da birnäçe ýerlerde bolup, ýerli halkyň durmuşy, ýaşaýyş medeniýeti bilen ýakyndan tanyşýar.
Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde pederlerimiziň pähim-paýhasy siňen nakyllaryň, atalar sözüniň tutýan orny uludyr. Şonuň üçin akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary ýüreklerde baky mukaddeslik derejesindedir. Ýürekden çykýan sözlerini köňül nagşy edip, “taraşlap, şagladan” şahyryň döredijilik älemi bahar aýlarynda gül-pürçüge beslenýän türkmen sährasyny ýadyňa salýar. Häzirki wagtda tutuş adamzat beýik şahyryň döredijiligine uly hormat goýýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.
Beýik akyldaryň nusgawy goşgularyndaky pelsepewi pikirler gymmatlydyr. Onuň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasy halkyň taryhyny öwrenmekde, nesillerde geljege bolan ymtylyşy, ylym-bilime söýgini döretmekde, olara watansöýüjilik ruhunda edep-terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwlet barada arzuw eden beýik şahyryň röwşen umyt-ideýalarynyň durmuşa geçendigini wagt subut etdi.
Magtymguly adamkärçilik diýlen giň düşünjäniň kämil taraplaryny taryplamak bilen erbet gylyk-häsiýetleri ýazgarypdyr. Hoş sözli, giň göwrümli, ugurtapyjy, parasatly, ylymly-bilimli, tutanýerli, zähmetsöýer bolmagy ündäpdir. Magtymguly filosofik garaýyşlaryny sada beýan eden hem bolsa, çuňňur mana eýedir. Akyldar birnäçe goşgularynda hemme zatlaryň özgerip durýandygyny öwran-öwran nygtap geçipdir. Eserleriniň ýeňil okalmagy we halka düşnükli bolmagy üçin şygyr setirlerini şahyrana halk döredijiliginiň baý çeperçilik serişdeleri bilen bezäpdir.
Halk öz şahyryna ähli döwürlerde hem aýratyn hormat goýupdyr. Onuň eserleri ençeme gezek neşir edildi, ençeme ylmy işler, monografiýalar ýazyldy. Akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny daşary ýurt alymlary-da öwrenýärler hem-de eserleri daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine guwanmak, oňa goşant goşmak biz üçin uly bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jahan LAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy, Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.