Nazary mehanika – fizikanyň bölümidir
27-02-24
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek babatda, halkyň durmuş hal ýagdaýyny gowulandyrmak babatda alyp barýan ýurt bähbitli syýasatlaryny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek-de biz mugallymlaryň boýnunda örän uly jogapkärçilik durýar. Watanymyzyň söýesi bolan ylymly, bilimli, hünärli, zähmetsöýer ýaşlar onuň ýagty geljegi üçin zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.
Nazary mehanika – fizikanyň bölümidir. Bu dersde material jisimleriň mehaniki hereketi, ýagny material jisimleriň biri-birlerine görä wagtyň geçmegi bilen ýagdaýlarynyň üýtgemegi öwrenilýär. Dynçlyk ýagdaýy mehaniki hereketiň hususy ýagdaýy bolandygy üçin, bu dersde material jisimleriň deňagramlyk ýagdaýy hem öwrenilýär. Materiýanyň hereketi giňişlikde we wagt dowamynda bolup geçýär. Giňişlik diýlip adaty üç ölçegli ýewklid giňişligine düşünilýär. Hereketi öwrenmek üçin hasaplaýyş ulgamyny girizýärler – ol hasaplaýyň jisimini (oňa görä beýleki jisimleriň hereketi öwrenilýär), koordinata oklaryny we sagady öz içine alýar. Nazary mehanikada wagt jisimleriň hereketine bagly däl diýlip düşünilýär. Jisimiň hereketi jisime başga jisimler tarapyndan goýlan güýçler tarapyndan emele gelýär. Mehaniki hereket ýa-da deňagramlyk ýagdaýy öwrenilende güýçleriň tebigatyny bilmek hökmän däl, olaryň ululyklary belli bolsa ýeterlikdir. Şonuň üçin nazary mehanikada güýçleriň fiziki tebigaty öwrenilmeýär, esasan, güýçleriň we jisimleriň hereketiniň arasyndaky baglanyşyklar öwrenilýär. Nazary mehanika I.Nýutonyň kanunlary esasynda gurlandyr. Nýutonyň kanunlarynyň dogrulygy tükeniksiz köp gezek barlanylyp görlendir. Şol bir wagtda bolsa Nýutonuň kanunlarynyň hemme hasaplaýyş ulgamlarynda dogry däldigini bellemek zerur. Nýutonyň kanunlary inersial ulgamda dogrudyrlar. Mehanikada bu görnüşli iň bolmanda bir ulgamyň barlygy postulirlenilýändir. Mysal üçin, merkezi Gün ulgamynyň merkezinde bolan, oklary daşdaky “hereketsiz” ýyldyzlara gönükdirilen ulgam inersialdyr (geliosentriki, esasy ulgam). Inersial ulgam – hereketsiz ulgamdyr. Köp meselelerde inersial ulgam hökmünde Ýer bilen bagly ulgamy alýarlar. Emma Ýeriň aýlanmagy göz öňünde tutulmaly meselelerde geliosentriki (merkezinde Gün bolan) ulgam alynmalydyr. Nazary mehanika tebigy bilimdir. Ol tejribelere we synlara esaslanandyr hem[1]de degişli matematiki apparaty ulanýandyr. Nazary mehanikada abstraksiýa usuly ulanylýar. Bu öwrenilýän hadysada esasy zatlara üns bermek, ikinji derejeli zatlara üns bermezlikdir. Meselem, material nokat bu abstraksiýadyr, onda jisimiň ölçegleri göz öňünde tutulmaýar. Material nokadyň massasy bolup biler, bu geometriýadaky nokat düşünjesinden esasy tapawutdyr. Ol beýleki material jisimler bilen özara täsire ukyplydyr – bu ikinji tapawut. Absolýut gaty jisim – abstraksiýanyň ikinji mysalydyr. Absolýut gaty jisim – bu beýleki jisimleriň täsirine bagly bolman, öz geometriki görnüşini üýtgewsiz saklaýan jisimdir. Tebigatda bu hilli jisim asla ýok. Nazary mehanikanyň 25 asyr taryhy bar. Ryçag (leňňer), bloklar, katoklar we ş.m. ýaly gurluşlar gadym zamanda ulanylypdyrlar. Aristotel (384—322 b.e.
Arhimed (287—212 b. e. öň) gidrostatikany (Arhimediň kanuny), inženerçilikde ylmy kanunlary öwrenýär. XIV – XVII asyrlarda söwda, deňizde ýüzmek, harby işlerde asman jisimleriniň hereketi, snarýadlaryň uçuşy, gämileriň berkligi we ş.m. meseleler döreýär. Bu ugurda Kopernik (1473—1543) (planetalar Günüň daşynda aýlanýar) işler geçirýär, Kepler (1571—1630) planetalaryň hereketiniň üç kanunyny getirip çykarýar. G.Galileý (1564—1642) inersiýa ýörelgesini, jisimleriň erkin gaçmagy baradaky kanunlary getirip çykarýar. Gýuýgens (1629 – 1695) merkeze ymtylýan we merkezden daşlaşýan güýçler düşünjesi, fiziki maýatnik, urgy taglymaty barada işleri geçirýär. 1687-nji ýylda I.Nýuton (1642 — 1727) “Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary” kitabyny çykarýar (Angliýada natural filosofýa diýip fizika aýdypdyrlar). Ol dinamikanyň esasy kanunlar ulgamyny döredýär, massa düşünjesini girizýär, bütindünýä dartylma kanuny, we ş.m. kanunlary getirip çykarýar. L.Eýler (1707—1783, nokadyň dinamikasy, gaty jisimiň dinamikasy, gidrodinamika, gämileri gurmak), J.Dalamber (1717—1783, material nokatlaryň erkin we erkin däl ulgamlarynyň mehanikasy), Lagranž (1736-1813), Laplas (1749—1827) (baglanyşyklaryň reaksiýasy), Ostrogradskiý (1801—1861, mümkin bolan orun üýtgetmeler ýörelgesi), Gauss (1777—1855, differensial wariasion ýörelge), L.Fuko (1819—1868, giroskop), Zukowskiý (1847—1921, uçýan apparatlar), Siolkowskiý (1857—1935, raketa) we ş.m. alymlar hem mehanikada uly işleri alyp bardylar. Durnuklylyk taglymaty, maşynlaryň we jaýlaryň wibrasiýasy, radiotehniki ulgamlardaky prosesler, awtomatiki düzleýiş, maýyşgaklyk taglymaty, gidro we aero dinamika, reaktiw uçuş we ş.m. ýaly ugurlarda nazary mehanikanyň taglymaty ösdürildi. Suwuklyklaryň we gazlaryň mehanikasy, maýyşgaklyk taglymaty, mehanizmler we maşynlar taglymaty, asman mehanikasy,, düzleýiş taglymaty ýaly ugurlar özbaşdak ylymlara öwrüldiler. Häzirki wagtda nazary mehanikada, esasan, material nokadyň mehanikasy, absolýut gaty jisimiň we olaryň ulgamlarynyň mehanikasy öwrenilýär. Nazary mehanika tehniki ugurlarda esasy ylymlaryň biridir. Dürli desgalar gurlandaky, maşynlar taslamalaşdyrylandaky, dürli dolandyrylýan we dolandyrylmaýan apparatlaryň uçuşyndaky we ş.m. ähli tehniki hasaplamalar nazary mehanikanyň kanunlary esasynda geçirilýärler. Nazary mehanika – statika, kinematika we dinamika ýaly bölümlerden durýar. Statikada güýçleriň täsiri astynda jisimleriň deňagramlygy, deňagramlykda bolman hem bilýän güýçler ulgamynyň häsiýetleri öwrenilýär.
Kinematikada jisimleriň hereketi jisimleriň arasyndaky güýç täsirlerini hasaba almazdan öwrenilýär. Dinamikada jisimleriň hereketi jisimleriň arasyndaky güýç boýunça özara täsirleri göz öňünde tutmak bilen öwrenilýär.
Nazary mehanika mehaniki hereketiň umumy kanunalaýyklyklaryny öwrenýär we diňe mehaniki hereketi dälde, eýsem maddalaryň mikrobölejikleriniň içki hereketini we bular bilen özara täsir ediúýän fiziki meýdanlary öwrenýän fizikanyň bir bölümidir.
Nazary mehanikanyň predmeti mehaniki hereket we bu hereket bilen baglanşykly material jisimleriň mehaniki özara täsiridir. Fizikadan tapawutlylykda mehanika mehaniki özara täsiri fiziki tebigatyny gapdalda goýup, mehaniki hereket bilen bu baglanşygy diňe mukdar tarapyny öwrenýär.
Nazary mehanikada real jisimleriň takyk häsiýetlerinden tapawutlanýan material jisimleriň dürli modellerine seredilýär. Jisimiň ölçegleri abstragirlenip jisim material nokat hökmünde kabul edilýär. Jisimleriň aýlaw hereketini öwrenmek absolýut gaty jisim modeline getirýär. Gaty jisimleriň deformirlenmegi, suwuklyklaryň we gazlaryň akyjylygy we gysylmaklygy bilen baglanşykly has çylşyrymly mehaniki hereketleri öwrenmeklik tutuş gurşaw düşünjesini girizmeklige getirdi.
Mehaniki hereket hem beýleki hereketler ýaly giňişlikde wagtyň geçmegi bilen bolup geçýär.Giňişlik, wagt we hereket materiýanyň bar bolmagynyň esasy formasydyr. Obektiniň häsiýetine görä material nokadyň, material nokatlar ulgamynyň, absolýut gaty jisimiň we maýyşgak,suwuk we gaz halyndaky jisinleriň mehanikasyny öz içine alýan tutuş gurşawyň mehanikasyny tapawutlandyrýarlar.
Talyplarymyz dürli derejedäki degişli hünärler boýunça ylmy we amaly konferensiýalara, olimpiadalara gatnaşýarlar. Ylmy maslahatyň netijelerine esaslanyp, institut talyplaryň ylmy işleriniň ýygyndylaryny neşir edýär. Ýokary kursyň talyplary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän nazary mehaniki dersi boýunça ylmy we amaly konferensiýalara, bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, dokladlar we ylmy habarlar bilen çykyş edýärler.
Ýaş nesliň kämil bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda giň gerimli özgertmeleri, netijeli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Silapberdi MEREDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň mugallymy.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.