ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK AKYLDAR

01-03-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenýän 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň wekili Magtymguly Pyragynyň şahyrana hazynasynyň ylmy esas-da seljerilýändigini we pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek babatynda uly işleriň ýerine ýetirilýändigini hem-de geljekde-de şeýle işleriň dowam etdiriljekdigini görkezýär.

Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler munuň subutnamasydyr. Beýik şahyr diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Ata-babalarymyz onuň ajaýyp goşgularyny kalbynda besläp, nesillere ýetiripdirler.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy döredijiliginde adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna degişli parasatly düşünjeleri şygyrlaryna siňdirip, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk galdyrypdyr. Çeper söze maýyl, şahyrana setirlere teşne halkymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini yhlas bilen öwrenýär, söýüp okaýar, wagyz edýär. Şahyryň goşgulary edep-terbiýä ýugrulyp, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Onuň goşgularynda öwüt-nesihat, watançylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, zähmetsöýerlik ýaly durmuşy temalara degişli meseleler eriş-argaç bolup geçýär.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda nesil terbiýesi babatdaky möhüm meseleler hem öňe sürülýär. Şol sebäpli hem Magtymguly atamyzyň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly ýaşlaryny terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Magtymguly halkymyzyň agzybir, döwletiň berkarar bolmagyny arzuw edipdir. Dana şahyrymyz bu arzuwyny durmuşa geçirmekde, ilkinji nobatda, gözýetimi giň, watansöýüji, sagdyn nesilleriň zerurdygyna göz ýetiripdir. Nesillerde watançylyk duýgusyny we milli aň-düşünjäni kemala getirmekden gözbaş alýan şygyrlarynda akyldar şahyr nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdir. Watana wepaly, sagdyn pikirli nesilleri bolan döwletiň kuwwatly boljakdygy durmuşymyzyň aýdyň hakykatydyr.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigine ünsi çekip, «Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri hem oturdylar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüler» diýip nygtady. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi bolsa, ajaýyp zamanamyzda beýik şahyrymyzyň hormat-sarpasynyň çäksizdiginiň nobatdaky gezek aýdyň kepili bolup dabaralandy.

Nusgawy şahyrymyz edep-terbiýäniň, mertligiň, kesbe kämilligiň wajypdygyny, türkmençilige mahsus gylyk-häsiýetleriň aýratynlygyny dürdäne setirleriň, parasatly pikirleriň üsti bilen nesillere miras galdyrypdyr. Bu bolsa beýik akyldaryň pelsepewi garaýyşlarynyň üstünden ençeme ýyl geçse-de, ähmiýetini ýitirmän, il-ulsuň arasynda ýaşamagyna getiripdir. Akyldaryň çeper döredijiligi umumadamzadyň köňlüne tämizlik paýlaýar. Hut şonuň üçin hem şeýle ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyna ýagşylyk nuruny çaýýan Magtymguly Pyragynyň sarpasy halk arasynda belent tutulýar. Onuň beýik hem-de milli şahyrana şahsyýeti bolsa tutuş adamzat üçin ähmiýetli saýylýar. Bu hakykaty geçen ýyl beýik söz ussadynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bilen hem delillendirip bileris. Dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň bir bölegini düzýän nusgawy şahyrymyzyň döredijiligini gorap saklamak, ony öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda döwlet we halkara derejesinde şeýle giň gerimli işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Şyhmyrat GURBANGULYÝEW,
T
ürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň talyby.

Halypa mugallymy Şabasan YMAMGULYÝEW,
T
ürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.