ARKADAGLY ÝURDUMYZDA ÝAŞLAR BAGTYÝAR

04-03-24

Bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde, olaryň milli ruhda terbiýelenmegini, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegini gazanmakda zerur şertler döredilip, bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ol işler ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýaş nesilde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi kemala getirmekden gözbaş alýar. Döwlet derejesinde edilýän şeýle aladalardan ruhlanýan ýaşlarymyz bu gün ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, durmuşyň ähli ulgamlarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Olaryň halal zähmetleriniň oňyn netijeleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklerde mynasyp beýanyny tapýar. Muňa şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilen birnäçe bäsleşikler, açyk sapaklar, sport we saglygy dikeldiş işleriň netijesinde has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär» diýip, Arkadagly Serdarymyzyň aýratyn nygtap geçmegi ýaşlaryň ählitaraplaýyn kämil ösüşi üçin alnyp barylýan aýgytly işleriň jogapkärçiligini has-da artdyrdy. Hakykatdan-da, bu günki günde ýurdumyzyň ýaşlary jemgyýetçilik we syýasy durmuşa işjeň gatnaşýarlar, jemgyýetiň bir bölegi hökmünde döwletiň durmuşynda möhüm orny eýeleýärler.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalaryinstitutynda talyplara gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary, binagärlik, elektro we ýylylyk energetikasy, tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş, ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary, aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak, gämi gurluşygynyň we suw ulagynyň tehnikasy we tehnologiýalary ugurlary boýunça bilim berilýär. Bu ulag we kommunikasiýa ojagymyzda ýaş inžener-tehnolog talyplara bilim berýän mugallymlar yhlas bilen zähmet çekip, talyplaryň geljekde öz hünäriniň hakyky eýeleri bolmagy üçin aladalar edýärler.

Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgeleri hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda mynasyp durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ähli babatda döwlet durmuşynda uly ornunyň bolmagynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen ýaşlarynyň giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegi alnyp barylýan işleriň esasy maksady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýurduň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag we kommunikasiýa, oba hojalygy, maliýe-bank ulgamynda we beýleki pudaklaýyn ugurlarda zehinli, başarnykly ýaşlaryň zähmet çekmeginiň ileri tutulýan işleriň hatarynda durýandygyny bellemek bolar.

Eziz Diýarymyzda ýaşlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülmegi türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde täze öwüşgine eýe bolýan ýaşlar syýasaty röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesil üçin döredilýän giň şert-mümkinçilikleri, täze gözýetimleri, kämilligiň möhüm basgançaklaryny açýar. Ýaşlar bolsa özleri hakyndaky şeýle uly aladany duýup, beýik ynama mynasyp bolmaga, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar.

Uly üstünlikler hem-de taryhy ýeňişler bilen taryha giren Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň netijeleri hem Watanymyzda ýaşlara bildirilýän belent ynamyň nyşanyna öwrüldi. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna sowgat eden ajaýyp eserinde — «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda hem giňden beýan edilýär. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň halkymyza, aýratyn-da, ýaşlarymyza ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Gymmatly eserde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esaslary barada aýratyn gürrüň edilýär. Bilşimiz ýaly, Diýarymyzda ýaşlaryň ähli ugurlarda zehinini, döredijiligini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmegi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, ýaş nesliň aň-bilim, ruhy-ahlak we medeni ösüşi üçin döwrebap şertler döredilýär hem-de olaryň bähbitlerini, hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň hukuk binýadyny üpjün etdi. Eserde Watan mukaddesligi, ezizligi, beýik ösüşler, bagtly geljek, türkmen zenanlaryna goýulýan hormat, milli mirasymyz baradaky gymmatly pikirler hem giňden şöhlelenýär. Kitapda beýan edilýän pikir-garaýyşlar beýik işlere çakylyk bolup ýaňlanýar hem-de ýeňişlere, üstünliklere beslenen ýollary salgy berýär.

Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine alyp gitmek üçin ägirt uly tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 Arslan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.