Abu Aly ibn Sina - Gündogaryň beýik şahsyýeti
05-03-24
Ynsan özüniň ýaşan döwründe dürli ýarawsyzlyklara, kesellere duş gelýär. Her bir adam öz saglygy barada yzygiderli aladalanmasa, saglygynyň gowşap, her hili derdi-belalaryň janyna talaň salýanlygyny soň bilip galýar.
Gündogarda doglup, gündogarda ýaşap, gündogarda yly bilen meşgullanan hem bolsa, aklydar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn «dört müň dört ýüz ýaşan» Lukman hekimiň ― taryhyň iň görnükli alymlarynyň biri we meşhurlygy bütin dünýä ýaýran Abu Aly ibn Sina beýik şahyr, lukman bolupdyr.. Bu gün ösen lukmançylyk ylmy hem köp babatda taryhyň iň güýçli lukmanlarynyň biri bolan bu şahsyýetiň işlerine daýanýar.
Ýakynda Fransiýanyň Rýuýeý Malzemon şäherinde Abu Aly ibn Sinanyň heýkeli açylydy diýip metbugatda habar berilýär. Bu heýkel Ýewropanyň görnükli alyma goýýan beýik hormatynyň nobatdaky nyşanydyr.
Ýazgylara görä, Ibn Sina ömrüniň köp bölegini Köneürgençde geçiripdir. Öz döwrüniň belli filosofy, geografy, matematigi, astronomy, biology, fiziology, fizigi, himigi, tebibi, edebiýatçysy we sungatçysy bolan bu akyldaryň hemmetaraplaýyn şahsyýet bolanlygy rowaýatlara siňip gidipdir. Onuň edep-terbiýe babatynda-da aýdyp geçen nesihatlary häli-häzirem dilden-dile geçip gelýär. Goşgy görnüşinde ýazan 8 sany eseriniň bardygy hakynda hem maglumat bar.
Ibn Sina ençeme ösümligiň em ýasamaga peýdalydygyny, olary derdi dep etmek üçin nädogry peýdalanmagyň, tersine, zyýan etjekdigini ýazyp gidipdir. Galyberse-de, sogan, turp, şugundyr, sarymsak, ysmanak, käşir, alma, erik, nar, üzüm, tüwi, ýumurtga, mäş, noýba, nohut ýaly gündelik ulanýan azyklyk önümlerimiziň, miweleriň haýsynyň nähili kesele em bolýandygyny ýazyp gidipdir.
Aýtgylaryň birinde Ibn Sina özüniň şägirdine gan damarynyň urgusy barasynda şeýleräk gürrüň beripdir: “Gan damarynyň urgusy — munuň özi gan damarlarynyň gysylmagyndan we giňelmeginden ybarat bolan hereketdir. Birnäçe ýyllap men gan damarlarynyň gysylmak pursatlaryny synladym. Tä olaryň ähli alamatlaryny duýýançam barlaglary gaýtaladym we kadaly hem kadasyz gan-damar urgularynyň bardygyna akyl ýetirdim.
Gan-damar urgulary tolkun şekilli, ik şekilli, iki urguly, dowamly, sandyrawuk, gysga, kiçi, haýal gybyrdyly bolup bilýär. Şonuň ýaly-da, gan-damar urgusy ýumşak, dartgynly, nerwli, pes, ýiti, doly... bolubam bilýär. Käbir keselleri, aýratynam, göze görünmeýän keselleri, diňe gan-damar urgusynyň üýtgeýşi bilen kesgitläp bilýärin. Gan-damar urgusynyň sazlaşygynyň bozulmagy boýunça bolsa, ýaşyryn keselleri hem anyklamak mümkin”.
Abu Aly Ibn Sinanyň şol döwürlerde ýazyp galdyran ýazgylarynyň üstüne, ylmyň häzirki biçak ösen döwründe-de bir zatlar goşaýmak çetindir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata Watanymyzy gülledip ösdürýän, mähriban halkymyzy zähmet ýeňişlerine ýetirýän, ýaş neslimizi milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek üçin zerur şertleri döredýän, milli mirasymyzy, görnükli şahsyýetlerimizi öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mämi MÄMIÝEW,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň Hasap we audit fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.