Deňiz we derýa

01-01-20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýynyň, mertebesiniň, şan-şöhradynyň dünýäde belende galýandygyna halkymyzyň buýsanjynyň çägi ýokdur. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmeklige berýän biçak uly ünsüniň, öňe sürýän dünýä ähmiýetli syýasatynyň netijesinde halkara ähmiýetli ösüşleriň gazanylýandygyny diňe bir türkmen halkymyz däl-de, eýsem, tutuş dünýä jemgyýeti örän gowy bilýär.

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň, özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Bu başlangyçlar «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda mynasyp dowam etdirilýär.

2020-nji ýylda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belläp geçer. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyndan bäri ähli ulgamlarynda, esasan hem ulag ulgamynda belent sepgitlere ýetdi. Muny ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli bolan «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem görmek bolýar. Agentlik ýolagçy we ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň ösüş depginine uly goşant goşýar. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň öňünde halk hojalyk ýükleriniň daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmaklyk, portlary we port nokatlaryny ösdürmek, söwda deňiz gatnawlarynda we gämileriň ýüzüşleriniň howpsuzlygyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak boýunça wezipeler durýar.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda we deňiz ulaglarynyň halkara ýük daşamalarynda ornunyň beýgelmegi bilen Türkmenbaşy portuny ösdürmek we bäsdeşlige ukyply Türkmen deňiz söwda flotuny döretmeklik boýunça doly göwrümli milli taslamalar durmuşa geçirilip, bu babatda 2000 — 2003-nji ýyllar aralygynda portuň giňişleýin durkuny täzelemek işleri amala aşyryldy. Köne gämi duralgalarynyň, ammarlaryň we birnäçe beýleki binalaryň köneleriniň durky täzelendi. Şeýle-de täze binalaryň gurluşygy alnyp barylyp, olarda häzirki zaman tehnikalary ornaşdyryldy.

2011-nji ýyl hem deňiz-derýa ýollary pudagynyň taryhynda wajyp ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýylda Türkmenbaşy portunyň durkuny täzelemek işlerine girişildi. Taslamada terminallaryň durkuny täzelemek, gämi duralgalarynyň könelerini aýryp, täzelerini gurmak meýilleşdirildi. 2013-nji ýylda ýurdumyzyň deňiz-derýa pudagy «Çarlak» ýolagçy katamaranyny gurdy. Bu bolsa portuň taryhynda ilkinji gämi gurluşyk tejribesi bolupdy. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiziň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi nazarda tutulyp, «Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyna» laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň 29-njy maýynda gol çeken Karary esasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düýbi tutuldy.

Gurluşygy ýokary depginde alnyp barlan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Täze port 152 gektara barabar meýdany eýeleýär we umumy ýükler, konteýner, ýolagçy hem-de ürgün ýük terminallaryny öz içine alýar. Bir wagtda 17 gämä hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan gämi duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metre barabardyr. Portuň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. Täze portuň ýük geçirijilik ukyby, nebit önümlerini hasaba almazdan 17 million tonna barabardyr.

Konteýner terminaly barada gürrüň edilende onuň tutýan meýdany 249 müň inedördül metre deň bolup, ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň konteýnere barabar. Bu terminal multimodal logopark awtomobil, howa, demir ýol ulaglary arkaly getirilen konteýner ýüklerini saklamak hem-de işlemek boýunça hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Konteýner terminalynyň gämi duralgasynyň uzynlygy 480 metrdir.

Polipropileni saklamak we ýükläp ugratmak boýunça ýöriteleşdirilen terminalynda saklanylýan önümler bolsa ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan nebit önümleriniň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Ýolagçy terminalynyň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulagyna hyzmat etmäge mümkinçiligi bar.

«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlarynyň ýylda 12 müň tonna demri işläp taýýarlamaga, 4 gämini gurmaga we 20 gäminiň abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçiligi bar. Şeýle-de toplumlaryň ählisinde bioarassalaýjy enjamlar oturdyldy. Bu bolsa portuň ekologiýa taýdan arassadygyny görkezýär. Bu zawody gurmak Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmegiň esasy tapgyrlarynyň biri bolup, deňiz ulaglaryna bolan islegi we olary abatlamak zerurlygyny doly kanagatlandyrmaga hem-de bu ulgamyň tehniki-önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň agyr senagaty pudagynyň we gämi gurluşyk ulgamynyň kemala gelýändigine aýdyň subutnamadyr. Bu desga 166 müň inedördül metr meýdany eýelär. Onda önümçilik meýdançalary, edara, tehniki we hyzmat ediş binalary hem bolar. Bu ýokary tehnologiýaly kärhana dürli görnüşli gämileri, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri, nebit we gaz platformalaryny we beýlekileri gurmak boýunça doly möçberli işleri amala aşyrar.

Täze deňiz porty uly möçberli ýük akymlarynyň ýolunyň aralygyny we wagtyny ep-esli derejede azaltmaga mümkinçilik berip, Gara deňziniň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýän häzirki zaman deňiz geçelgeleriniň ulgamyny döretmekde wajyp bölek bolmaga gönükdirilendir. Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň kämilleşdirilmegi bilen sebitara we yklymara gatnaşyklar täze strategiki ähmiýete eýe bolýarlar. Elbetde, porty gurmaklyk baradaky çözgüt ilki bilen içerki islegler bilen bagly. Türkmenistanyň günbatary, Hazar deňziniň kenary bu biziň ýurdumyzyň iň bir çalt ösýän sebitleriniň biridir.

Hazar deňziniň gündogar kenarynyň esasy bölegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana degişli bolup, bu pudagy ösdürmäge örän uly mümkinçilikleri döredýär. Ýewropa — Kawkaz — Orta Aziýa halkara ulag geçelgesiniň iri üstaşyr merkeziniň wezipelerini ýerine ýetirjek Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini kämilleşdirmek, täze gämileri satyn almak baradaky taslamalar häzirki wagtda güýçli depginde alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda sebitiň iri üstaşyr merkezi bolup durýar. Russiýanyň Baltika portlaryndan Pars aýlagyna çenli ýükleri eltmek üçin iň gysga ýol Türkmenistanyň üstünden geçýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ösdürilmegi Orta Aziýa we Hazar deňziniň sebitiniň ýurtlarynyň hem ykdysady gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlary pajarlap gülläp ösýär. Şunuň bilen birlikde täze port Türkmenistanyň ykdysady taýdan öňe gitmegine, ulaglar ulgamyny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge goşmaça kuwwatly itergi berer. Şeýle hem iri möçberli maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» bolup hyzmat edýär. Şol sebäpli hem, soňky ýyllarda Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) ösmegi bilen, ýurdumyzyň deňiz ulaglarynyň ýük daşamak mümkinçiligi we özüne çekijiligi has-da ýokarlandy. Şonuň üçin hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda awariýa-halas ediş gullugynyň binýadyny döretmek, ekologiki enjamlary hem-de oňa degişli gämileri, tirkeg gämileri satyn almak, demir ýol parom menzilini kämilleşdirmek, goşmaça gämi duralgalaryny, konteýner we gury ýük gämi duralgalaryny gurmaklyk, şol sanda Logistika merkezini döretmeklik ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hasam gowulandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda ähli amatlyklary bolan, ýokary hilli, döwrebap «Rowaç» atly ýokary tizlikli ýolagçy gämisi Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Zelenodolsk şäheriniň A.M.Gorkiý adyndaky gämi gurluşyk zawodynda gurdurylyp, 2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda suwa goýberildi. Bu gämi 126 ýolagça niýetlenip, gämi gatnaw howpsuzlygyny ýokary derejede berjaý etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Täze ýokary tizlikli ähli amatlyklary bolan ýolagçy gämisiniň gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenbaşy — Hazar şäherleriniň arasynda täze deňiz gatnawynyň döredilmegine, Türkmenbaşy — Gyzylsuw adasynyň arasynda deňiz ýolagçy gatnawynyň hilini ýokarlandyrmaga, şol sanda şäherimize we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýän myhmanlara we syýahatçylara deňiz gezelençlerini guramaga amatly şertleri döreder.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjy häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ol Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň ähmiýetiniň uludygyny göz öňünde tutýar. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda golaýda geçirilen «Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi» atly halkara maslahatynda ulaglar hyzmatdaşlygynyň, şol sanda üstaşyr deňiz gatnawlarynyň giňemegi netijesinde ykdysady ösüşiň we durnuklylygyň täze ugurlary hem-de ulag hyzmatlarynyň eksportuny ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda deňiz-derýa ulaglary ulgamynda hem düýpli özgertmeler bolup geçýär. Bu pudak Türkmenistan Watanymyz öz Garaşsyzlygyny alanyndan soň ýurdumyzyň ulag infrastrukturasynyň öňdebaryjy, barha kämilleşýän ulgamlarynyň biri hökmünde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berip gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda bagtyýarlyk döwrüniň eşretli hözirini görüp ýaşaýan raýatlarymyza bu ugurda edilýän hyzmatlaryň görnüşleri-de, hili-de barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň işiniň döwrebap derejelerde gurnalmagy, oňa degişli täze ýük daşaýjy, ýolagçy gatnadyjy gämileriň alnyp berilmegi, olaryň dünýä ülňülerine laýyk täze enjamlar bilen üpjün edilmegi türkmen deňizçilerine ilata edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Giňişleýin maglumat okamak üçin «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtyna ýüzlenip bilersiňiz:

https://tmrl.gov.tm


2.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.